KEŞDEÇILIK SUNGATY — BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNDA

Ene-mamalarymyzdan miras galan milli mirasymyz bolan keşdeçilik sungaty özüniň gözelligi, nepisligi bilen bu gün dünýäni haýrana goýýar. Dürli ýurtlarda dokalýan keşdeleriň biri-birinden tapawutlanýan aýratynlyklary bar. Mysal üçin, Hindistanyň keşdeçilik sungatyndaky nagyşlarda haýwanlaryň we ösümlikleriň keşpleri ýerleşdirilipdir. Türkmen halkynyň keşdelerinde ýerleşdirilen dürli reňkdäki owadan nagyşlarda bolsa, türkmen tebigatynyň keşbi nagyşlar arkaly şekillendirilýär. Owadan el keşdeleri synlanyňda, türkmen halkynyň millilik ruhuny duýmak bolýar. Şeýle keşdeler özüniň bezeg aýratynlygy, özüneçekijiligi bilen häzirki günlerimizde-de giňden ýaýrandyr. Türkmen keşdeleri öz gymmatyny ýitirmän asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, sünnälenip gelýär. Başyna kürte atynan gelinleri, elýaka köýnekli, akgaýma tahýaly ýigitleri, milli nagyşlar sünnälenip keşdelenen keteni köýnekli gyzlary göreniňde milli keşdeçilik sungatyna bolan buýsanjyň has-da artýar.

Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýar. Şeýle milli gymmatlyklaryň biri hem gelin-gyzlarymyzyň sungat derejesine ýetiren keşdeçilik senedidir. Aslynda-da, göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasyndan, zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, ýüreginiň syntgylan, göwnüniň söýen gözelliklerini öz el işlerine geçirýärler. Owadan keşdedir nagyşlaryň ajaýyp nusgalaryny has-da baýlaşdyrýarlar. Şeýlelikde, durmuş, tebigat, ýaşaýyş gözelliklerini özünde jemleýän, uly pelsepä eýe bolan türkmen keşdeçilik sungaty halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy, zenanlarymyzyň zehini hökmünde arzylanýar.

Ine, ýaňy-ýakynda-da ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aldyk. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi bolsa, türkmen halkynyň milli mirasyna, gadymy senedine goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Goý, gadymy we müdimi mirasymyz bolan keşdeçilik sungatynyň at-owazasyny dünýä ýaýmakda, ony älem-jahana owaza etmekde uly-uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Humaý IBRAGIMOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we

ulag-kommunikasiýalar institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar