Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdydyr. Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, behişdi bedewlerimiz hem özüniň ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen dünýä bellidir. Lälezar sähramyza ajaýyp görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär.Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy. Köp sanly taryhy maglumatlar we anyk güwänamalar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistan ýaýlasydygyny biragyzdan tassyk edýärler. Köp sanly hünärmenleriň bellemegine görä, gadymy türkmen halky ilkinji bolup atlary eldekileşdiripdir.
Biziň ata-babalarymyz ýelden ýüwrük bedewlerimize bolan sarpa-söýgüsini nakyldyr aýtgylarynda hem milli öwüşgin bilen beýan edipdirler. Ata-babalarymyzyň pähim-parasada ýugrulan «Atym ar—ganatym bar», «Säher turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At — ýigidiň myrady», «At agynan ýerde toý bolar» diýen ýaly nakyllary halkymyzda arzylanan şöhratly bedewlerimize bolan garaýşyny, olara goýulýan hormaty beýan edýär.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimiz barada bu ugurda döreden «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» ýaly kitaplarynyň özi hem bahasyz gymmatlykdyr..
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby şol maglumatlaryň üstüni ýetirip, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýdy. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda «...halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewleriň ornunyň has ýokary bolupdyr diýmek bilen» nesil terbiýesinde ganatly bedewlerimiziň hem ýakyn arabaglanyşygynyň bardygyny belläp geçýär. «Türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar».
ХХ asyryň başlarynda türkmen bedewleri Russiýanyň we Ýewropanyň şäherlerindäki sergilerde peýda bolýarlar. Olar tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip, örän uly täsir galdyrýar. Professor M.I.Pridoroginiň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri buýsançly galkynyşyň aýdyň duýgusydyr. Eger kimde-kim ahalteke atyny gören bolsa, onda ol, hakykatdan-da, ajaýyp gözellikden lezzet alandyr. 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişi ahalteke bedewleriniň adatdan daşary çydamlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şonda bedewlere atlanan türkmen çapyksuwarlarynyň 17-si 84 günüň dowamynda 4300 kilometr ýol geçdiler. Onuň 350 kilometri bolsa teşne ýatan Garagum sährasynyň üstünden geçdi. Şondan 10 ýyl geçensoň şol şöhratly atly ýörişe gatnaşan ak reňkli Arap Ýeňiş baýramçylygynyň esasy bedewine öwrüldi. Şol gün marşal G.K.Žukow özüniň söýgüli bedewine, ýagny Araba atlanyp, Gyzyl meýdançada Ýeňiş baýramçylygy mynasybetli guralan parady kabul etdi. Türkmen atşynaslygynyň gürrüňsiz ýeňşi bolan bu görnüşler geljekki nesiller üçin kinolentalara geçirildi.
Türkmen ýigidi bedewine atlanyp, jeňe gideninde, onuň bedewi gerçegiň göwnüne laýyk hereket etmegi başarypdyr. Ýaraga gümra eýesine kynçylyk döretmezlik üçin onuň aty-da haýsy ugra ýykgyn etmeli bolsa göwresini şol ýana ugrukdyrypdyr. Eýesiniň her bir hereketlerine, duýgularyna werziş bolan bedew at onuň sesinden, hereketinden, ýürek urşundan ýagdaýy duýupdyr.
Türkmen bedewleriniň dünýä meşhur ajaýyplyklarynyň birine öwrülmeginde türkmen seýisleriniň ähmiýeti örän uludyr. «Mal eýesiniň gözünden suw içermiş» diýlişi ýaly, merdi-merdanalygy, gaýduwsyzlygy, üşükliligi bilen eýesine meňzeýän bedewleri ýetişdirmek üçin seýisler ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary, ýiti zehini siňdiripdirler.
Türkmen halky towsanaklap ýören taýçanakdan älemi baglajak bedew aty, oýnap ýören oglanjykdan ýurt hökümdaryny ýetişdirmegi başarypdyrlar. Türkmen seýisleri «ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä onuň nä derejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler.
Bedew atlara atlanan watan goragçylary öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şonuň üçin hem bedew üstündäki oýunlara has-da kämilleşip, çalasynlyk we çalt pikirlenmek dürli ýagdaýlarda basym çözgüt çykarmagy başarypdyrlar. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybyk kesdi», «Altyn gabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Şeýlelik bilen olar söweş endiklerini we başarnyklaryny has-da kämilleşdiripdirler.
Gahryman Arkadagymyz atasynyň agasy Aba Annaýewiň meşhur atşynas bolandygyny we onuň ahalteke bedewini gorap saklamak, kämilleşdirmek işine ägirt uly goşant goşandygyny bellemeli. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzüp, gurmak barada “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň maý aýynda başlap we monumenti 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu monumentiň gurulmagynyň sebäbi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, hemmelerden çalt, ýagny 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Munuň özi Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili tarapyndan bellige alyndy. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň artykmaçlyklarynyň, onuň köp asyrlaryň dowamynda türkmen seýisleri we atşynaslary tarapyndan döredilen ajaýyp aýratynlyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Dünýäni haýrana goýýan gamyşgulak ahalteke bedewlerimiziň şanyna her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly toý tutulýar. Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Merjen ALIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.