TÜRKMEN BEDEWI

Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr. Gadymy we şöhratly türkmen halkynyň nepis halysy,altyn- kümüş şaý sepleri ýaly milli baýlyklarynyň biride onuň gamyşgulak bedew atydyr. Bedewlerimiziň ajaýypdan näzik owadanlygynda, duýgurlygynda, ýüwrükliginde, wepalylygynda, ata-babalarymyzyň tükeniksiz azap-aladalary, bahasyna ýetip bolmajak yhlasly halal zähmeti bardyr.

Biz sähelçe ädim hem özümiziň bedewlerimize berýän ünsümizi gowşatmaýarys, sebäbi olar biziň guwanjymyzdyr we şöhratymyzdyr, biziň ruhy galkynyşymyzyň çeşmesidir. Türkmen topragynda dogulan ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygyň, owadanlygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak dogumlylygyň simwoly bolup durýar. Türkmen atlarynyň- meşhur ahalteke bedewleriniň şan şöhraty asyrlar boýy äleme dolup gelýär.

Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda-türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda biz döwlet nyşanlarymyzy döreden wagtymyz döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atynyň buýsançly keşbini ýerleşdirmek makul bilindi. Milli buýsanjymyza öwrülen gözelligi bilen haýran edýän tohum atlary ösdürip ýetişdirmek ata- babalarymyzdan gelýän seýisçilik däplerimizi dowam edip, ýaş nesillerimize geçirmek, olarda atçylyga bolan söýgüni artdyrmak ugrunda geljekde hem alada etmelidir. Ýyndamlygy we gözelligi bilen dünýä meşhur türkmen bedewleri biziň milli buýsanjymyzdyr.

Häzir dünýäniň köp ýerlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýeti hakynda has köp bilmäge çalyşýanlygy ýönelige däldir. Gojaman taryhyň gatlarynda "Şalyk atlary" diýdiren, "Behişdi bedewler" diýdirip şöhrat gazanan, gadymy hytaý ýazgylarynda "Asman atlary" mahabatyna özüne eýe etdiren ahalteke bedewleri hakykatdanam dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp gymmatlygydyr.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen meşhur ahalteke bedewleri, görnükli seýisler we atşynaslar bilen baglanyşykly işleriň içgin öwrenilmegine, ýurdumyzyň ahalteke atlarynyň halkara ýaryşlarynyň geçiriljek mekanyna öwrülmegine, ahalteke bedewiniň şan- şöhratynyň hem-de atşynaslyk sungatynda syrly iş tärleriniň türkmeniň dünýä atşynaslaryna açyp görkezmegine giň mümkinçiliklere ýol açar.

Türkmen atçylyk ulgamynyň halkara pudagy bilen utgaşdyrylmagy esasy zeruryýetlige öwrülýär. Şunda Türkmenistanyň dünýä atçylygynda  öňdäki orunlary eýelemegi möhüm wezipedir. Şu nukdaýnazardan "Türkmen atlary" dünýä birleşiginiň içini dünýä ülňülerine laýyk getirmek zerurdyr. Aslyýetinde dünýä taryhynda ahalteke bedewlerine hem-de türkmen topragyna goýulýan sarpa uludyr.

Durmuşda şeýle zatlar bolýar. Olar dörän, ýaradylan pursadyndan aýratyn ykbally bolup,özüniň ösüş ýolunda gün-günden kämilleşip we taplanyp, ahyrsoňunda gutarnykly keşbe eýe bolýar. Şondan  soň olar özüniň barlygy bilen bir däl, on däl, ýüz däl, müňlerçe adamyň, halkyň kalbyna teselli berýär. Diýmek, ol şonda eýýäm, goý, janly ýa-da jansyz bolsun, tapawudy ýok, mukaddeslik derejesine ýetendir. Oňa indi bir adam eýeçilik edýän däldir. Oňa bütin halk eýe çykýandyr, howandarlyk edýändir. Sebäbi ol halkyň ýüzüniň tuwagydyr, kalbynyň aýdymydyr. Olaryň her biri bir ajaýyp dessandyr. Ol dessanlar halkyň başarnygyny, üstünligini, ukybyny, gysgaldyp aýdanyňda, özgelerden mese-mälim tapawutlanyp duran häsiýetli aýratynlygyny açyp görkezýär. Şanyna dessan düzübermeli, asyl, düzülip ýörülen mukaddesliklerimiz biziň her birimiziň kalbymyzda otyr. Olar atanyň pendi bilen aňymyza, enäniň süýdi bilen ganymyza ornaýar. Adam şolar bilen ýaşaýar, işleýär, perzent terbiýeleýär.

 

Gülöwser BAÝRAMOWA,

Türkmen döwlet binagärlik we

gurluşyk institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar