Medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgasy bolan “Görogly” eposy terbiýeçilik ähmiýetli mekdep bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň epos barada birnäçe ylmy garaýyşlary bar. Göroglyşynaslardan A.Garryýew, M.Kösäýew, A.Gowşudow, Ö.Abdyllaýew, B.Mämmetýazow, A.Bekmyradow, R.Rejebow, A.Öräýew, P.Kiçigulow, A.Durdyýewa, A.Garryýewa, A.Baýmyradow, R.Pirjanow, N.Seýidow ýaly türkmen alymlarynyň bu barada ýazan işleri arkaly eposyň häzriki wagtdaky gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygyna göz ýetirmek bolýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun almagy başaran Görogly eposynda aýal-gyzlaryň obrazlarynyň çeperçilik bilen beýan edilişi türkmen halkynyň has irki döwürden bäri zenanlara aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň gahrymançylykly Görogly eposyndaky türkmen zenanlarynyň keşpleri şol döwürde gender deňliginiň simwoly hökmünde orta çykýar.
Edermen, batyrgaý, öz ojagyna wepaly, akgöwünli, päkniýetli, dili şirin, parasatly, bilimli türkmen zenanlary öz maşgalasynyň, öz iliniň tuwagy hasaplanypdyr. Eposyň “Öweziň öýlenişi”, “Öwez öýlenen” “Serwijan”, Kempir”, “Harmandäli’ şahalaryndaky zenan şahsyýetleriň üsti bilen şol döwürlerdäki türkmen zenanlaryna seljerme berip bolýar. Şeýle hem “Gülaýym we Ärhasan”, “Bezirgen”, “Göroglynyň ölümi” şahalarynda zenan keşpleri wepadarlygyň, adyllygyň, parasatlylygyň görelde nusgasy hökmünde orta çykýar. Göroglynyň ömrüniň soňky günlerinde hem Agaýunus periniň öz ýanýoldaşyna bolan wepalylygynyň üsti bilen türkmen zenanlarynyň tarypa mynasyp keşbi açylyp görkezilýär.
Häzirki wagtda türkmen halk döredijiligini, esasan hem halk dessanlaryny içgin öwrenmek üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Hususanda, türkmen ýaşlaryň nusgawy edebiýaty içgin bilmegi has zerur hasaplanýar. Biz talyp ýaşlara okamaga, ruhy gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.