RADIO – BILIM, YLYM WE MEDENIÝET ARKALY PARAHATÇYLYGY WAGYZ ETMEGIŇ SERIŞDESI

Türkmen radiosy öz gözbaşyny esasan 1926-njy ýylyň ýanwar aýynda döredilen “Radiosöýüjileriň” jemgyýetinden alyp gaýdýar. Ilatly ýerleri radio enjamlary bilen üpjün etmek-de, jemgyýetiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda “Türkmenradio” jemgyýeti döredilip, ilkinji radiogepleşikler ýaýlyma berlip başlanýar. Aşgabatda ilkinji gezek Moskwanyň sesi 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ozalky Karl Marks meýdançasynda ýaňlanypdyr. Şol gezek Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasyndan reportaž eşitdirilipdir.

Arhiw resminamalaryndaky maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, “Gepleýär Aşgabat!” –  bu sözler ilkinji gezek paýtagtymyzda işe girizilen radiostansiýadan, 80 ýyl mundan ozal ýaňlanypdyr.

Şeýlelik bilen güýçli depginde ösüp başlan türkmen radiosy halk hojalygynda gazanylýan üstünliklerini, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalaryny,  1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uruş döwrüniň habarlaryny ýetirmekde uly işleri bitirýär. Şäherleriň we obalaryň adamlary her gün Moskwadan sowet informasion býurosynyň frontdaky ýagdaý baradaky maglumatyny hem-de “Tyl-fronta” diýen gepleşigi eşitmäge mümkinçilik tapýar. Özleriniň gymmat bahaly şaý-seplerini Goranmak fonduna tabşyran türkmen zenanlarynyň watançylyk başlangyjy hem radio arkaly tutuş halka ýetirildi.

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda radionyň alyp baryjylar düzümi-de kämilleşdi. Ýazyjy Arap Gurbanow uruş ýyllarynda radioda diktor bolup işledi. Uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş baradaky şatlykly habary radioda diktor Arap Gurbanowyň okamagynda türkmen halkyna ýetirilipdir.

Garaşsyzlyk döwrümizde türkmen radiosy täze hil derejesine ýetdi. Häzirki  wagtda  “Watan”, “Çar  tarapdan”, “Miras”, “Owaz” radioýaýlymlary bar. Her bir radioýaýlymyň öz ugry boýunça  ýörite  bölümleri bolup, her bölümiň  öz  ugry boýunça-da birnäçe gepleşikleri meýilnama esasynda taýýarlanylýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe radiožurnalistikanyň gerimi has giňeýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda yzygiderli eşitdirilýän radiogepleşikler öz diňleýjilerini diňe bir habarlar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe gyzykly, terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan medeni-dynç alyş sahypalary bilen hem ruhy taýdan lezzet berýär.

BMG radiosynyň döredilen senesi 1946-njy ýylyň 13-nji fewraly hasaplanýar. 1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropanyň radiogepleşikler birleşmesi döredildi. Onuň baş edarasy Ženewa şäherinde ýerleşip, diňe Ýewropada däl, eýsem Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda hem agzalary bar. 2011-nji ýylyň iýun aýynda ÝUNESKO ähli gyzyklanýan taraplar, şol sanda ýaýlym birleşikleri, jemgyýetçilik we halkara ýaýlym guramalar, BMG-niň agentlikleri, fondlar we programmalar akademiýa pudagynda işleýän hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen giňişleýin maslahatlaşdy. Halkara Radio gününi bellemek barada 2011-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň 36-njy maslahatynda karar kabul edilýär.

Her ýylyň 13-nji fewralynda Bütindünýä Radio güni bellenilýär. Her ýyl Radio gününde geçirilýän çäreler bir tema bagyşlanýar.

2022-nji ýyl Radio gününde “Radio we Ynam” ady bilen bellenilip geçildi. 2023-nji ýylyň 13-nji fewralynda on ikinji gezek bellenjek Bütindünýä radio gününiň mowzugy "Radio we parahatçylyk". Bütindünýä Radio gününiň aýratyn sene hökmünde bellenilmeginiň esasy maksady, radionyň adamzat durmuşyna ornaşdyran giň mümkinçilikleri barada habar bermekden ybaratdyr. Bütindünýä radio gününiň maksady köpçüligiň we metbugatyň arasynda radionyň ähmiýeti barada has köp habarlylygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Giňden tomaşaçylara ýetirmek üçin bu özboluşly ukyp bolup, radio jemgyýetiň köpdürlilik tejribesini emele getirýän meýdança bolup biljekdigini aňladýar. Adamzat durmuşyna ir ornaşan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biri bolmak bilen, radio halklaryň we dürli medeniýetleriň arasynda umumy dil tapyşmak we dogry aragatnaşygy ýola goýmak üçin iň ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.

Radio häzirki wagtda iň köp ulanylýan metbugat bolmagyny dowam etdirýär. Bütindünýä radio gününden başga-da, aragatnaşyk muşdaklary “Bütindünýä radio höwesjeňler gününi” hem giňden belleýärler.

Bütin dünýä boýunça alanyňda radio güni 3 senede bellenilýär:

  1. 7 maý – Radionyň oýlanyp tapylan güni
  2. 18 aprel – Bütindünýä radio höwesjeňler güni
  3. 13 fewral – Bütindünýä Radio güni

Radio, adamzadyň işlerini ilata habar ýetirmek üçin üýtgeşik ukybynyň bolmagy, onuň köp medeniýetli jemgyýeti döretmäge kömek edip bilijiligi,  her nukdaýnazardan seslenmegi  we eşidilmegi üçin platforma bolup çykyş edýär.  Radio stansiýalary, daşky görnüşi we mazmuny boýunça dürli programmalary hödürläp, ilatyň  dürli toparlarynyň bähbitlerine hyzmat edýär. Global derejede radio iň köp ulanylýan köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolmagynda galýar.

Ilkinji radionyň taryhy

Radio tolkunlary ilkinji gezek 1886-njy ýylda nemes fizigi Henrih Hertz tarapyndan döredilýär. Ilkinji amaly radio geçirijiler we kabul edijiler 1895–1896-njy ýyllarda italýan alymy Gulýelmo Markoni tarapyndan işlenip düzülýär. Şeýlelikde geçen asyryň başlarynda söwda maksatly radiolar peýda bolýar.

Konfliktleriň öňüni almakda we parahatçylygy gurmakda

 radionyň orny

Radio möhüm hyzmatdaş we parahatçylygy goramagyň açarydyr. Gün tertibini kesgitlemek we möhüm hyzmatlary bermek wezipesiniň bir bölegi hökmünde, alada döredýän meselelere ünsi çekýär we häkimiýetleriň we raýatlaryň ünsüni özüne çekýär we ähmiýetini görkezýär. Programmany belli bir görnüşde düzmek we redaksiýa temalaryny saýlamak bilen, professional radio dawa-jenjeliň düýp sebäpleri we faktorlary bilen işleýär, zorlugyň ýaýramagynyň öňüni alýar. Radio redaksiýalary, şeýle hem, ýagdaýa nädogry baha bermek, propagandanyň köpelmegi, belli jedelleriň çalt ösmegi, käbir sebitlerde dartgynlylygyň ýokarlanmagy we ş.m. ýaly harby hereketlere sebäp bolýan faktorlar barada duýduryş berip biler.

Mälim bolşy ýaly, radio jemgyýetiň medeni hem-de intellektual ösüşinde möhüm rol oýnaýan serişdedir. Habar beriş we aragatnaşyk guraly bolan radionyň döredilen güni 1895-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji maýynda bellenilip gelinýär.

Şu gün taryha ser salanymyzda, 1895-nji ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen fizikleriň we himikleriň ylmy ýygnagynda rus fizigi, tanymal alym Aleksandr Stepanowiç Popow ilkinji radiony köpçülige ýetirdi. Alymyň tanyşdyran radiosy ilkinji simsiz aragatnaşyk arkaly gurnalan bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Bu möhüm sene ilkinji gezek resmi ýagdaýda Russiýada, 1925-nji ýyldan bäri bolsa köp sebitlerde bellenilýär. Radio gününde bu ähmiýetli tehnologiki açyşyň şanyna ylmy-amaly konferensiýalar, ýygnaklar, maslahatlar hem-de sergiler guralýar.

Häzirki biziň günlerimizde beýleki habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, radio möhüm aragatnaşyk we habar beriş serişdesi hökmünde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ylmyň ösmegi bilen radio bilen baglanyşykly radio-gözegçilik, radio astronomiýasy, radiotelefon, radiotelegraf ýaly täze ugurlar hem kemala geldi we netijeli üstünlikler yzygider gazanylýar. Bu ugurlaryň gazananlary hem-de radionyň oýlanyp tapylmagy radio nawigasiýa, aragatnaşyk, simsiz maglumat çalşyk ulgamlaryny we dünýä internet toruny hem döretmeklikde özen bolup hyzmat etdi. Radionyň döredilmegi beýleki köp sanly ylmy we tehnologiki açyşlaryň başlangyjy boldy. Bu bolsa radionyň jemgyýetdäki ornuny açyp görkezýär. Bu baýramçylyk güni ýer ýüzündäki ähli radio söýüjilere ruhy şatlyk, ýakymly täsirleri paýlaýar.

 

Altyn GURBANOWA,

D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň öwreniji mugallymy,

“Parahatçylyk dilleri” atly

ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar