RADIONYŇ DÖREÝŞI WE HALKARA RADIO GÜNÜNIŇ GYSGAÇA TARYHY

Radio ylmyň, tehnologiýanyň ösmegi netijesinde adamzadyň gazanan üstünlikleriniň biridir. Radio dünýäde we ýurduň içinde bolup geçýän täzelikleri, habarlary, halkyň durmuşa geçirýän işlerini, üstünliklerini ýene-de birnäçe meseleler baradaky maglumatlary ýaýratmakda ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär. Radio tizligi we elýeterliligi boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň içinde has giň gerimi öz içine alýar. Bu täsin guralyň oýlanylyp tapylanyna ýüz ýyldan köp wagt geçse-de adamzadyň durmuşundaky ähmiýetini ýitirmeýär.

 Radio tolkunlaryny sese öwürip, üç kilometr uzaga ýetirmegi başaran italýan alymy Guglielmo Markoni 1895-nji ýylda radiony oýlap tapypdyr. Bu täsin guralyň oýlanylyp tapylmagyna J. Makswel, N. Tesla ýaly birnäçe alymlar täsir eden bolsa-da, Markoni ilki bilen radiony halka tanatmagy başarypdyr. Şeýle hem, Guglielmo Markoni bu oýlap tapyşy bilen 1909-njy ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolupdyr.

1906-njy ýylda ilkinji radio ýaýlymlary Amerikanyň Birleşen ştatlarynda goýberilip başlanandan soň, dünýä ýurtlarynyň köpüsi radio ýaýlymlaryny berip başladylar.

Döwrüň ösmegi bilen radionyň dürli görnüşleri ýüze çykypdyr we olar dürli maksatlar üçin ulanylypdyr.  Radio dürli döwürlerde adamyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, senagatyň pudaklarynda, kärhanalarda we beýleki ugurlarda aragatnaşyk üçin ulanylypdyr. Häzirki wagtda agzalan ugurlardan tapawutlylykda radio halklary ýakynlaşdyrmakda, parahatçylykly oňyn gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetlidir.

Halkara radio gününiň taryhy

1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda BMG-niň Radiosy döredildi. 2011-nji ýylda ÝUNESKO-ny ýanyndaky Ispaniýanyň hemişelik wekiliýetiniň başlangyçlary bilen ÝUNESKO-nyň mejlisinde 13-nji fewraly Radio güni diýlip yglan edildi. 2013-nji ýyly 14-nji ýanwarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde  bu karar makullanyldy we BMG tarapyndan13-nji fewral Halkara Radio güni diýlip ykrar edildi.

Halkara Radio gününiň döredilmeginiň esasy maksady köp ýyllaryň dowamynda halk köpçüliginiň durmuşyna ornaşdyran giň mümkinçilikleri baradaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasan-da radionyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda, halkara radio bileleşikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy  has-da berkitmekden ybaratdyr. Ýylyň ýylyna bellenilýän Radio güni her ýyl bir şygar bilen bellenilýär. Bu ýyl Radio gününi “Radio we Parahatçylyk” diýlip atlandyrylýar.

Biziň ýurdumyzda hem bu ulgama Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda uly üns berilýär. Radio ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýady has-da berkidildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda “Watan”, “Çar tarapdan”, “Miras”, “Owaz” radio ýaýlymlary hereket edýär. Türkmen radiosynyň zähmetsöýer işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň saýasynda döredilip berilýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp döwrebap işleri bilen halka hyzmat edýärler.

Goý, halkyň ýagty geljegi üçin tutumly işleri durmuşa geçirýän, giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, biz ýaşlary Watanymyzyň gurujularyna deňeýän Arkadagly  Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun  il-ýurt, dünýä ähmiýetli aýdyň maksatlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Gülnar KÜRENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň  IV ýyl talyby

“Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO klubynyň agzasy.

Meňzeş habarlar