WATAN GORAGY MUKADDESDIR

Ata-babalarymyzyň ähli döwürlerde-ata watany ene topragy, il-halkyny söýüp, bu mukaddeslikleri döş gerip goran ýurt üçin ata çykan gerçekleri aýratyn sarpalapdyrlar. Watana wepaly bolmaklygyň syýasy ýörelgeleri bolup, ol Ata Watana gulluk etmek, pederlerimiziň topragyny goramak, halkyňa hemaýatkär, iliňe ikilik etmezlik ýaly borçlary we ýörelgeleri öz içine alýar. Öz iliňe, topragyna diňe paýhasly we pähimli wepaly bolup bilen ynsan, başga millite we döwlete sarpa goýup biler. Sebäbi, wepalylyk duýgusy adamyň ahlak dünýäsi bilen baglanyşyklydyr. Ynsanyň päk ahlak älemi watana wepaly bolmaklygyň ruhy çeşmesidir. Tämiz we arassa ahlaklyk medeniýeti, milletiň watana wepalylyk duýgusyny emele getiren halatynda halk öz bähbidini özgeleriň bähbidinden beýige götermän, eýsem öz bähbidi bilen özgeleriň bähbidini sazlaşdyrmaga çalyşýar. Şu günki günde kämilligiň umumy adamzat ýodasyndan beýleki halklar bilen bir hatarda ösüşiň menzilini külterläp bilmek, Watana wepalylygyň iň oňaýly nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alynyp barylýan açyk gapylar syýasaty halkyň jebisligine, jemgyýetiň asudalygyna we döwletiň kuwwatlygyna bolan ynamdyr. Şeýle ynamyň bolan ýerinde halkyň öz döwletine buýsanç duýgusy galkynyp Watana wepalylyk ýörelgesi kämilleşýär. Halkymyz Watany owal-ahyr beýik mukaddeslik saýyp, nesillerini hut şu ruhda terbiýeläpdir. Mukaddeslik ähli sarpalanýan, hormatlanýan eziz saýylýan zatlary öz içine alýar. Gymmatlyklaryň mukaddes bolşy ýaly,olaryň goragy-da mukaddesdir. Ýeri gelende belläp geçsek, Gahryman Arkadagymyzyň 2016-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine sowgat eden “Watan goragy mukaddesdir” atly kitaby bize döwletimiziň öňümizde goýan wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirmegimiz üçin ýol görkeziji gymmatly gollanma, ruhy goldaw boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Adatça, mertler Watany beýgeldýändir” diýen sözleri Watan goragçylarynyň hemişelik şygaryna ýörelgesine öwrüldi. Watanyň ykbalyny öz ykbaly hasaplaýan, il-gününi başyna täç eden, ömrüniň manysyny Kasamyna ygrarynda, ýurduna wepasynda görýän mertler hemişe Watany beýgeldýärler. Biz bu hakykatyň baş nusgasyny Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň şahsy göreldesinde görýäris. Çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda gahrymançylyga beslenen baý taryhymyzy, pederleriň beýik watançylyk mekdebini çärýek asyr ýol arka atan Garaşsyz döwletimiziň Ýaragly güýçleriniň geçen ýoluny örän ussatlyk bilen seljermek beýan etmek bilen bagtyýar ildeşlerimiziň watansöýüjilik duýgusyny joşdurýar. Bu şöhratly ýoluň gözbaşyny nesilbaşymyz Oguz handan alyp gaýdyp, halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhy menzilinden  röwşen geljege uzaýandygyny nygtaýar. Şeýlelikde, bu eser nesilleriň arasyndaky ruhy köprüleri hasda pugtalandyrýar. Taryhyň müňýyllykly geçmişinde Watana wepaly bolmak ýörelgeleri halkyň we döwletiň ykbalyny kesgitläpdir. Ar-namys wyždan we mertebe ýaly ynsan gymmatlyklary bilen şahsyýetiň ene topraga bolan söýgüsi ölçelipdir. Halk içindäki gadymy pähimleriň birinde: “Bir kiçijek çüý naly, nal ägirt uly bedewi, bedew ýigidi, ýigit bolsa Watanyny gorap saklaýar” diýen söz bar.

 

Gurbangeldi HYDYROW,

“Demirýollar” açyk görnüşli paýdarlar

Jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

23 Iýun 2025 | 260 okalan

MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGY