Medeni mirasym – ebedi mirasym

Häzirki ösüşlere beslenýän galkynyşly döwrümizde Arkadagly Serdarymyz we Gahryman Arkadagymyz millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmegiň, dünýä ýaýmagyň, olara halkara ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekmegiň biziň esasy maksadymyzdygy hakda aýtmak bilen, bu ugurda bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Şeýle tagallalar netijesinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklaryň ýaňyna siňdiren taryhy-medeni ýadygärlikleri we edebi gymmatlyklary gaýtadan dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Milli-ruhy medeni mirasymyzyň ösdürilmegine dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzda medeniýetimiz bilen ýakyndan tanyşmagyna ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergileriň, maslahatlaryň, festiwallaryň ähmiýeti uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurdaky başlangyçlary döredijilikli täze eýýamymyza pederlerimizden bize ebedilik miras galan ýol-ýörelgeleriň, däp-dessurlaryň giň gerimde dowam etdirilýändigini ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler gadymdan gelýän milli medeni, döredijilik däplerimiziň hil taýdan täze ösüşe eýe bolmagyna, dünýäniň halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köp görnüşli ugurlarynyň peýda bolmagyna, milletimiziň taryhy-medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine ýardam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe  Türkmenistanyň  dünýä ýüzündäki  abraýynyň  hasda artyp, halkara mertebesiniň beýgelmeginde  ynsan kowmunyň bäş müňýyllyk  taryhynyň  naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän medeni mirasymyzyň aýratyn  orny bar. Elbetde, biziň häzirki bagtyýar durmuşymyzda bolsa,  şol milli däp-dessurlarymyzyň, gymmatlyklarymyzyň,  milli baýramlarymyzyň sarpasy belent derejelerde tutulýar.  Milli mirasymyzyň ýaş nesliň watansöýüji, ruhubelent, zähmetsöýer, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegindäki ähmiýeti uludyr. Gadymy mirasymyz, taryhy ýadygärliklerimiz we milli ýörelgelerimiz halkymyzyň baýlygydyr. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen olary ylmy esasda içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.  Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan milli ýol-ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem milliligimizi kalbymyza, aňymyza, durkumyza siňdirip, nesillerimizi milletimiziň gadymdan gelýän ruhy ahlak däplerinde terbiýelemek biziň öňümizde durýan borçdyr. Döwlet Baştutanymyz milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek ugrunda uly aladalary edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyz has kämilleşdirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň öwüşginini dünýä ýaýýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” biz ýaşlar milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny wasp etmek, Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy ösdürmek, dürli ugurlardan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak baradaky aýdanlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen  dürli görnüşli çäreleri, döredijilik bäsleşiklerini geçirýäris. Ýaşlarda täzeçe pikirlenmek endiklerini döretmekde we ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmakda geçirilýän şeýle çäreleriň netijeliligi örän uludyr. Türkmenistanda ýaşlara uly ynam bildirilýär, olaryň döredijilik  bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle bolansoň türkmen ýaşlary Milli medeni mirasymyza  goýýan sarpasy, türkmen ýaşlaryna döredýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri - Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Azat HAÝYDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR