Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhymyza uly sarpa goýulýar. Taryhy kitaplar yzygiderli neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilýär.
Ata-babalarymyzyň paýhasly pikirlerinden dörän şahyrana türkmen halk döredijiligi hem türkmen halkyň ata Watany, ene topragy neneňsi belentde goýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ol eserlerde watançylyk, gahrymançylyk bilen baglanyşykly nakyllardyr atalar sözi, rowaýatlardyr hekaýatlar mynasyp ornuny tapypdyr. Bellemeli ýeri, olar hiç bir halkyňka meňzemeýän milliligi, özboluşlylygy, aýratynlygy özünde jemleýär. Edermen ýigitlerimiz bilen bir hatarda, türkmen zenanlarymyzyň hem batyrlygy, ugurtapyjylygy nusgalykdyr.
«Görogly», «Gorkut ata» ýaly edebi gymmatlyklarymyz boýdan-başa gahrymançylyga, watansöýüjilige ýugrulandyr. Görogly begiň keşbinde gerçeklerimize mahsus häsiýetleri görmek bolýar. Oguz han atamyzdan başlap, at-owazalary dünýä dolan ýigitlerimize, olaryň mertligine, gahrymançylygyna, akyl-paýhasyna haýran galýarsyň. «Şükür bagşy» powestini, gahrymançylyga ýugrulan beýleki eserlerimizi okanymyzda geçmişimize bolan buýsanjymyz goşalanýar. Geçmiş taryhymyzdan söhbet açýan, many-mazmuna baý, gahrymançylykly Keýmir Kör hakyndaky rowaýatlar türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň biri-de Keýmir serdaryň ugurtapyjylygy bilen baglanyşykly rowaýatdyr. Onda beýan edilişine görä, günlerde bir gün Keýmir Kör atlylary bilen Nedir şanyň huzuryna çagyrylýar. Şanyň niýeti Keýmiri atlylaryndan azaşdyrmak we ony ýeke goýup, özüne boýun egdirmek eken.
Şeýlelikde, «çakylyga» gelen Keýmiriň ýigitlerini-de, atlaryny-da aç-suwsuz saklaýarlar. Şanyň mekirligini aňan Keýmir serdar: «Türkmen özüni aç goýanyňy göwnüne almaz. Atyna esewan edip bilmese welin, iki ýanyny deňlär» diýip, atlara seretmek üçin ýigitlerine rugsat alypdyr. Ýigitler ot ýygyp gelmek üçin ugramakçy bolanlarynda, Keýmir serdar olara garap, şanyň mekirligine garşy mekirlik ulanyp, töweregindäkileriň hiç biri-de düşünmez ýaly manyda: «Ýigitler ota gidiň-de, öte gidiň» diýip sargyt edipdir. Muňa düşünen ýigitler ota gidip, gaýdyp gala dolanyp gelmändirler. Serdarynyň nirededigini bilen türkmenleriň uly topalaň turzaýmagyndan ätiýaç eden şa Keýmir Köre rugsat bermäge mejbur bolupdyr.
Rowaýatdan görnüşi ýaly, ata-babalarymyz durmuşyň islendik kynçylykly pursatlarynda-da ejizlemän, gaýduwsyzlygy, mertligi, akyl-paýhasy bilen ata Watanymyzy, ene topragymyzy gözleriniň göreji deýin gorap, watançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezipdirler. Munuň şeýledigine taryh doly şaýatlyk edýär. Olar taryhda galan şeýle nusgalyk işleri nesilleriň bagtyýar, asuda hem parahat durmuşda erkana ýaşamaklarynyň hatyrasyna amala aşyrypdyrlar. Şonuň üçin-de biz ata-babalarymyzyň öňündäki perzentlik borjumyzy duýup ýaşamalydyrys. Oňa ajaýyp işlerimiz, halal zähmetimiz, Watana bolan egsilmez söýgimiz bilen jogap bermelidiris.
Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji
orta mekdebiň mugallymy.