Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary esasynda Diýarymyz dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Ýurdumyzyň her bir pursady guwandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşidir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, dil baýlygyny özünde jemleýän “Görogly dessançylyk sungatynyň”, türkmen milli tans sungatynyň ajaýyp däplerini özünde jemleýän “Küşdepdi aýdym we tans dessurynyň”, türkmen halkynyň milli däplerini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyny” girizilmegi hem aýdyň subutnamadyr. Şeýle hem “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” türkmen halyçylyk sungatynyň hem girizilmegi gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyzyň türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Halyçylyk sungaty-inçe, nepis sungat bolmak bilen ol ene-mamalarymyzyň haly dokamakdaky baý tejribesini özünde jemleýär. Türkmen halysy halkymyzyň çeperçilik ukybynyň kämil önümidir.
Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografiki gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň nusgalarydyr. Halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak ugrunda hem giň tagallalar edilýär. Köp sanly rowaýatlar, nakyllar, atalar sözi, toý we durmuşy däp-dessurlar edim-gylymlar, yrymlar, halk tebipçiligi, awçylyk, seýisçilik sungaty, küştdepdi gazallary, läle, hüwdi, monjugatdy, öleň, toý aýdymlary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň hem giňden wagyz etmek, olary toplamak hem-de halk köpçüligine ýetirmek babatda hem uly işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen türkmen halkymyzyň milli mirasymyzy, öwrenip halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýändigi üçin köp sagbolsunymyzy aýtýarys!
Täjinar SAPAROWA,
TMÝG-niň Babadaýhan
etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.