Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine ähli halk tarapyndan saýlanan Gahryman Arkadagymyzy Milli Lideri diýip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyndan gelip çykan wezipeler barada Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrliginiň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň mejlisler jaýynda ýaşlaryň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläkde beýik üstünliklere ýetmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň pähim – paýhasa esaslanýan oýlanşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar. Nobatdaky gurultaýyň Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň- düşünjeli, ruhy ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şu pursatdan peýdalanyp Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlara okamana, işlemäne, saýlap alan hünärimiziň eýesi bolmana döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sag bolsyn aýdýarys. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsyn, ömri uzak bolsyn il-ýurt bähbitli alp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Güljeren ÝAGŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.