Ýurdumyzda “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip uly buýsanç bilen atlandyrylan 2023-nji ýylymyzy ähli agzybir halkymyz ajaýyp arzuwlar bilen garşylady. Türkmenistan döwletimizde agzybir halkymyz bu günki gün täze ösüşler bilen beslenip, bedew bady bilen barha ynamly öňe barýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen ilimiz ajaýyp zamanada bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar.
Ýaşlykda güýç bar, ýaşlykda gujur gaýrat bar, ýaşlykda egsilmejek hyjuw bar, ýaşlykda maksada okgunlylyk, arzuw isleg bar, ýaşlykda gözellik bar. Biz bu günki gün bu güýç gaýraty, egsilmejek arzuw islegleri, aýdyň maksatlary duýup bilýän bolsak, özümiz üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp zähmet çekýän bolsak, onda biz üçin ähli ýaşlarymyz üçin döwletiň ägirt uly aladalaryna şaýat bolýarys.
Adam ömrüniň iň ajaýyp, ýatdan çykmajak arzyly ýyllary, onuň ýaşlyk ýyllarydyr. Ýaşlyk ýyllaryňda okamak üçin, kämilleşmek üçin, kämillige ýol salmak üçin, ykbal ýoluňy saýlap bagtly bolmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler gönüden göni halkymyzyň ykbalyna aýratyn ýakym çaýdy. Biz şeýle ajaýyp watanda ýaşaýandygymyza, zähmet çekýändigimize tüýs ýüregimizden buýsanýarys. Çekýän zähmetimiziň ýerine düşmegi, yhlasymyzyň gowuşmagy-bularyň aňyrsynda halkymyzy gün kimin çoýýan Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tutanýerli zähmetleri bardyr. Türkmen taryhynyň älem-jahana ýaň salan zamanalarynyň ruhy Mähriban Arkadagymyzyň esaslandyran ajaýyp döwrümizde mynasyp dowam edýär. Şoňa göräde biziň 2023-nji ýylymyz “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip ruhybelentlik bilen atlandyryldy. Türkmen ilimizi bagtyň belent basgançaklaryna tarap alyp barýan Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri halkymyzyň bagtyýar gelejegine gönükdirilendir. Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty il-günümiziň ählitaraplaýyn bagtly durmuşda ýaşamagynyň aýdyň kepilidir.Biz şeýle ajaýyp watanda ýaşaýandygymyza, zähmet çekýändigimize tüýs ýüregimizden buýsanýarys.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi esasynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 8-nji Gurultaýy üstünlikli geçirilendigi barada dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasy, Şeýle hem Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde üstünlik bilen geçirilen Gurultaýyň başynda hormatly Prezidentimiziň Gurultaýa gatnaşyjylara iberen gutlagynyň okalandygy buýsanç bilen agzaldy. Gurultaýda ýaşlaryň ykbalyna aýratyn ýakym çaýan birnäçe möhüm meselelere seredilmegi şeýle hem Gurultaýda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şa serpaýlary şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşurylmagy, Gurultaýyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynyň ak öý binasynda dabaraly konsert geçirildi. Konsertde ýaş zehinli medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyş etmekleri hakynda buýsançly söhbet edildi. Söhbetdeşligiň soňunda il-halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutanýerli işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.
Annajahan ILLEKOWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji
Ýaşlar guramasynyň başlygy.