“ÇAÝ – MELHEM HEM YLHAM”

Gahryman Arkadagymyz baý milli medeni mirasy dikeltmek, aýawly saklamak we ösdürmek, dünýä halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek, ylmyň we medeniýetiň ugrunda giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny geçirmek meselelerine aýratyn uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyz “Çaý – melhem hem ylham” atly kitaby hem şonuň oňyn netijeleriniň biri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň eserlerine diňe halkymyzyň arasynda däl, eýsem daşary ýurtly hünärmenlerde hem uly gyzyklanma bildirilýär.

“Çaý – melhem hem ylham” atly kitapda çaýyň bejerijilik ukyby, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlar berilýär.

Şol sanda Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde belleýşi ýaly, “Çaýlaşmak” düşünjesi halkymyzda birek-birege düşünişmegi, mähirli gatnaşygy aňladýar. Şoňa görä hem çaý içmek arkaýyn oturyp düşünişmek mümkinçiliginden habar berýär. Çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi durlamak hasap edipdirler. Şu paýhasly jümlelerden hem görnüşi ýaly, bu neşir Türkmenistan barada has köp zatlary bilmäge, türkmen halkynyň baý gadymy däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer, sebäbi bu kitapda gönüden-göni ylmy maglumatlardan başga-da, aň-düşünjäni ösdürmäge  niýetlenen köp sanly peýdaly maglumatlar getirilýär.

“Çaý içmek Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem sungat derejesine ýetirilipdir” diýip, milli Liderimiz kitapda-da belläp geçýär.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi, aýratynda, biz ýaşlar üçin örän ähmiýetli goldanma kitaby bolup durýar.

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar