Ýurdumyzda döwlet Baştutanmyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman arkadagymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gelejegi, onuň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalyşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýar. “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar” ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň Mekan köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy guramanyň paýtagtymyz Aşgabatdan we gözel diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan wekillerini, öňdebaryjy mekdep okuwçylarynydyr talyp ýaşlary bir ýere jemledi. “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar” ýylynda geçirilen bu forum watanymyzy özgertmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş Türkmenistanlylara uly ornuň degişlidigini nobatdaky gezek subut etdi. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Watan, ýaşlar, gelejek baradaky oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ählimiziň, ilkinji nobatda bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz hem-de ýaş nesillerimiz uly bagta eýe boldy. Bu bagt, bu beýik ynam ýaşlar üçin dünýädäki iň uly gymmatlyklardyr. Ýaşlara uly ynam bildirýän, ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Şeýle beýik döwürde ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belentlere göterýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, il – ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.