GALPAK TOÝ BARADA

Çaga bir, bir ýarym ýaşanda galpagy syrylyp, galpak toý dilýär. “Çile saçy agyr bolýarmyş” diýen yrym bar. Çaganyň ilkinji saçyny daýysyna syrdyrmak däbi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Il içinde “Är daýy” diýen aýtgy bar. Daýy-ýegen gatnaşygy hem gadyrly bolýar. Her bir türkmen maşgalasynda daýynyň hormat-sarpasy belent tutulýar. Daýysy ýegeniniň saçyny syrjak bolanynda onuň eline oýunjak berip, güýmäp saçyny syrýar. Saç syrylyp bolansoň, çaganyň başy ýuwulýar. Saç syran daýy halatlanylýar. Galpagy syrylan çaga täzeje eşikler geýdirilýär. Galpak syrylanda goňşy-golam, dogan-garyndaş çagyrylyp, kiçiräk toý tutulýar. Çaganyň üstünden süýjüdür oýunjak seçilýär. Galpak toýda pişme, palow ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar. Toýa gelenler çagany galpak toýy mynasybetli gutlaýarlar. Galpagy syrylan gyzjagaz bolsa, ýakasy nagyşlyja köýnek bilen gültahýa, oglanjyk bolsa elýaka köýnejik bilen ak gaýma tahýa geýdirilýär. Galpak saçy bilen baglanşykly “eger daýysynyň saçy gür bolsa, çaganyň hem saçy gür bolýar, eger daýysynyň saçy selçeň bolsa, çaganyň hem saçy selçeň bolýar” diýen yrym bar.  Eger daýysynyň saçy syrmaga wagty bolmasa ýa-da bir işi çyksa, onda daýysy hökman päkisini çaganyň başyna degirmeli. Şonda daýysynyň syrdygy hasap edilýär. Öňler saç syrylanda oglanjyga käkil, gyzjagazlara maňlaýyndan alynsaç, depesinde iki sany gulpak, gulagynyň ýanynda zülp we ýeňsesinde çokul goýardylar.

Oglanjygyň käkili yzyndan oglan bäbek bolsa syrylýarda düýebaşlygyň üstünden topbajyk edip asylyp goýulaýar. Gyzjagazlaryň gulpagy soň-soňlar tutuş saça goşulyp gitmeli. Käbir etraplarda irki döwürlerde çaganyň galpagyny öz topragy, özi, maşgalasy üçin başyny goýmaga taýýar bolsun diýen yrym bilen öýüň bir burçuna gömýän ekenler. Şeýle hem galpak saçyny ak öýüň dulundaky çuwalyň ýüzüne tikip goýulýan ýerlerine hem gabat gelinýär. Gyzjagazyň saçy onuň bukjasyna dikilse, oglanjygyňky onuň kürtekçesiniň ýagyrnysyna hem dikilýän eken. Käbir wagtlarda eneler çagasynyň galpak saçyny ýygnap goýýarlar. Aslynda galpak saçy zyňylmaýar, gömülmeýär, ol uzak ýyllaryň dowamynda saklanylýar.

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar