Watan, ýaşlar, gelejek baradaky oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar”- Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ählimiziň, ilkinji nobatda bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr. “Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar” ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merke zinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde Watanymyzyň ýaş raýatlaryna uly orun degişlidir. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy ýörelge edinen ýaşlarymyzyň ykbalynda uly orun aljak bu gurultaýyň ähmiýeti nygtalýar. «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikler gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýlip, Gutlagda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýäş nesilde halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek guramanyň belent borjy we baş maksadydyr.
Kerim IŞANGULYÝEW
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.