EDEP TERBIÝE

Ata-babalarymyzyň “Çaga eziz-edebi ondan hem eziz” diýişleri ýaly, edepli, terbiýeli çagany göreniňde, ruhyň galkynýar. Elbetde, terbiýäni dogry alyp barmakda ene-atalaryň öňünde iňňän uly jogapkärçilik  ýatyr. Aýratyn hem, üç ýaşa  çenli çagalaryň terbiýesine örän üns bermelidir. Bu döwürde berlen terbiýäniň, onuň geljegine örän uly täsiri bardyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, üç ýaşdan soňra çagalara terbiýe bermeklige başlamak, eýýäm giç hasaplanylýar. Şonuň üçin ene-atalar çaga doglandan 3 ýaşa çenli ýaş aralygynda perzentleriniň terbiýesine çynlakaý çemeleşmelidirler.

Eýýäm çaga kiçiliginden ene-atasynyň ýa-da ýakynlarynyň soraglaryna özüçe jogap berip bilýär. 2 ýaşynda köp zatlara düşünip, gyzykly kitaplary, ertekileri okanyňda, diňlemegi başarýar. 3 ýaşyna ýetende bolsa, dürli ýumuşlary ýetirmäge ukyply bolýar.

Reňkli galamlar  bilen kagyzyň ýüzüne ýa-da barmaklary bilen surat çekmek, plastilinden dürli şekiljikleri ýasamak 3 ýaşa çenli körpeleriň söýgüli pişeleriniň biridir. Çagalaryň döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary gözellige bolan garaýşyny kemala getirer.

Üç ýaş aralygynda çagada diňe gowy duýgularyň we ýakymly ýatlamalaryň bolmagy zerurdyr. Ol duýgurlygy bilen daş-töwerekdäki wakalary çalt kabul edýär we ululara öýkünmäge başlaýar. Şonuň üçin olaryň ene-atalaryny mähirli, bagtly görmekleri möhümdir.

Çagalar bir nogçajykdyr, ene-ata bolsa bagbandyr. Nogçajygyň ulalyp,kemala gelmegi üçin bagban ony wagtly-wagtynda suwarmaly, ösüşine päsgel berip biljek ot-çöpdür mör-möjeklerden goramaly. Edil bagban ýaly, ene-ata hem öz perzentleriniň ulalyp, kemala gelmegi üçin dogry edep-terbiýäni bermegiň ýanynda, olary öz mähir-muhabbetleri bilen dolap almaly. Bu eýjejik balajyklaryň ilkinji eşiden sesleri ene we atanyň sesidir, gözlerini açyp ilkinji gören ynsanlary ýene şolardyr, ilkinji duýan ynam duýgusy hem ýene ene-ata bolan ynam duýgusydyr. Ene-ata perzentleriniň dünýäsiniň özenidir. Käwagt gynansakda bagbanlygymyzy unudyp, zergär bolmaga synanyşýarys. Olara özümize görä şekil berjek bolýarys, ýöne dünýämiziň bezegi bolan perzentlerimiz, dünýämize gelenlerinde özlerine mahsus aýratynlyklary bilen bile gelýärler. Bize bolsa, diňe ol nogçajyklaryň gül bolup açylmagy üçin dogry görelde görkezip, kömek etmeklik galýar.

Ene-ata bolmak örän uly jogapkärçilikdir, edil şonuň ýaly-da ol bahasyna ýetip bolmajak nygmatdyr.

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar