Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda saldamly goşant goşýan islendik ugruny alanymyzda hem onda ýaşlaryň mynasyp paýlarynyň bardygyny gördügiňçe guwanýarsyň. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda ýer bilen iş salyşýan daýhanlaryň daýanjy hasaplanýan döwrebap tehnikalar göz açyp-ýumasy salymda ýeriňi sürübem berýär, ekişem geçirýär, hasylyňam ýygyp berýär. Eýsem, beýle tizlik, elýeterlilik, amatlylyk, wagt ýitirmezlik işiň bitdigi, maksatlaryň bökdençsiz myradyna gowuşdygy dälmi?!
Hawa, ýöne bu enjamlaryň dowamly işlemegi üçin tehnikalaryň dolandyrylyşyna, wagtly-wagtynda abatlanylyşyna, ýag-suwunyň çalşylyp durluşyna bagly bolup durýar. Munuň üçin olara ussatlyk bilen erk edýän, uzak aralykdan gözegçiligi amala aşyrýan, saz işleýşini kompýuter arkaly barlamagy başarýan, sürüş, ekiş, hasyl toplaýyş möçberlerini edil eliniň aýasynda ýaly, mawy ekranda görüp bilýän, umuman, tehnikanyň sanly mümkinçilikleriniň hyzmatyndan netijeli peýdalanyp bilýän ýaşlarymyz bar. Şeýle zehinli ýaşlary kemala getirmekde «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň düýpgöter sanlylaşdyrylmagyny öňe sürüp, bu ugurda möhüm işleriň düýbüni tutdy. Bu bolsa ýaşlaryň gündelik durmuşynyň belli bir bölegi bolmak bilen, uly gyzyklanmany artdyrdy. Ýaşlar smart telefonlardyr planşetleriň, kompýuterleriň kömegi arkaly internet torlarynda täze taslamalaryň üstünde işläp başladylar. Birnäçe internet sahypalaryny, portallary, bloglary döretdiler. Bir söz bilen aýdanyňda, maglumat giňişliginiň elektron meýdançasyna gadam basdylar. Täsin maglumatlary okamak, öwrenmek, täzeçillikleriň gözleginde bolmak, aň-bilimiň ösüşiniň öňe ümzük atmagyna getirýär. Şeýlelikde, kämilleşdigiňçe, kämil zatlary döretmegiň ugrunda bolýarsyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa, ökdeligini, zehinini, ugurtapyjylygyny ýüze çykaryp bilýän ýaşlarymyz, gör, näçe diýseň bar! Çünki, şeýle ýaşlaryň kemala gelmegi üçin olar barada alada edýän Arkadagly Serdarymyz bar, çuň paýhasy, umman deý döredijiligi bilen nusgalyk bolýan Gahryman Arkadagymyz bar.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.