BITARAPLYK BINASY - TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ HEM-DE PARAHATSÖÝÜJILIGIŇ NYŞANY

2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleri bile özüniň nurana geljegine tarap aýgytly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň durnukly ösüşi onuň Bitaraplyk daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmen paýhasynyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, ylalaşykly ýaşamaga çalyşmaklyk ýaly milli däplerini özünde jemleýän Bitaraplyk daşary syýasat ugruny saýlap almagy ýaş türkmen döwletiniň gazanan iň ilkinji we iň esasy ýeňşidir. Garaşsyz Türkmenistan döwletine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň ýörite «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň esasynda, 185 agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde, hemişelik Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. Bitaraplyk binasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýadygärlikdir. Bitarap Türkmenistan şaýolunyň gutarýan ýerinde, daş-töweregini ýaşyl ýaýlalar gurşap alan giň giden meýdanda gurlan, alyslardan lowurdan görünýän Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan gelýän erkanalyk, agzybirlik, goňşularyň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine wepalydygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesidir. Ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan gelýän erkanalyk, agzybirlik, gaýry döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine wepalylygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesi bolan Bitaraplyk binasy türkmen paýtagtynyň günortasyndaky iň owadan künjekleriň birinde, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Bitaraplyk halkara hukuk derejesine mynasyp bolmak diýmeklik – bu Türkmenistanyň döwlet berkararlygynyň mizemezliginiň we hemmetaraplaýyn rowaç ösüşiniň ygtybarly kepillendirilmegi diýmekdir. «Bitaraplyk» diýen söz aňladýan manysy boýunça «neýter» diýen latyn sözünden gelip çykyp, «doly bitarap» diýen manyny aňladýar. aňladýar. Türkmen Bitaraplygynyň simwolik nyşany bolan «Bitaraplyk binasy» ýadygärligi Türkmenistan döwletiniň biri-biri bilen berk baglanyşykly bolan üç binýatlyk diregini – Garaşsyzlygy, Bitaraplygy we türkmen halkynyň bitewiligini alamatlandyrýan nyşan hökmünde dikeldildi. Bitaraplyk halkara-hukuk derejesini kabul etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy BMG-niň doly goldawyna eýe bolmak bilen, geljege gönükdirilen öňden görüji we örän paýhasly çözgütdigini dünýä halklaryna subut etdi. Berkarar Türkmenistan döwletini halkara derejesinde amala aşyrýan beýik işleri we durnukly ösüşleri bilen dünýäde ykrar etdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

18 Mart 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Mart 2025 | 1 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK