WATANYŇ UMYT GÜLLERI

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda halkara giňişliginde täze belent sepgitlere ýetilýär. Dünýä döwletlerinde we halkara guramalarda ata Watanymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de netijelilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek başlangyçlaryny ilerletmegi we yzygiderli durmuşa geçirmegi baş maksady hasaplaýarlar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler döwlet arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginiň durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär hem-de syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirlendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag we aragatnaşyk medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli alyp barýan daşary syýasatynda bitaraplyk ýörelgesine esasy orun berilýär. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan senetçiliginiň we mirasynyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmegi bu gymmatlyklaryň tutuş dünýä ösüşi üçin hem ähmiýetlidiginiň subutnamasydyr. Ynha şol maksat bilen hünär baýramy diplomatik gullugynyň işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi, TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we Ulag kommunikasiýalar  instituty  hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we Ulag kommunikasiýalar  institutynda bilim alýan talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Watanyň umyt gülleri” atly şygar astynda wagyz-nesihat hem-de maslahat duşuşygy  geçirildi. Dünýäde her bir halk öz medeniýeti, sungaty bilen tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly ençeme desgalar, şol sanda kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri gurlup, ýaşlarymyzyň hyzmatyna berildi. Şeýle uly tagallalar ýaşlaryň medeniýetli dynç almagy, wagtyny peýdaly we manyly geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Okamak, bilim almak we öwrenmek her bir ynsan üçin möhümdir. Çünki okaýan,  ylym-bilim öwrenýän adam kalbyny päkleýär,  paýhasyny kämilleşdirýär, dil we duýgy baýlygyny umman ýaly hazyna öwürýär. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.

 

Mährijemal AMANOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin

etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

18 Mart 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Mart 2025 | 1 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK