“ABADANÇYLYGYŇ RÖWŞEN GADAMLARY”

Gahryman Arkadagymyzyň pähim parasadyndan, ýiti zehininden syzylyp çykýan dürdäne sözleri biz üçin altyna barabardyr. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji gününden başlap döreden ajaýyp eserleri, kitaplary giň many-mazmun bilen ýugrulandyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta okuw mekdepleriniň okuwçylary hem-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän zähmetkeşler üçin Gahryman Arkadagymyzyň döredýän ajaýyp eserleri uly goldanma bolup durýar. Bu eserler, kitaplar ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ýan kitabyna öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. Çünki kitaplardaky many taýdan baý bolan her bir setirler edep terbiýe bilen, öwüt-ündew bilen utgaşyp gidýär. Şeýle hem kitaplardaky ajaýyp jümleler peýdaly maslahatlara örän baýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň çapdan çykýan kitaplarynyň her biri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen şowhun bilen tanyşdyrlyş dabarasy geçirilýär. Diňe bir bu kitaplaryň öz watanymyza däl-de dünýä döwletleriniň halklary üçin hem uly ähmiýete eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatyndan, ýiti pähim-paýhasyndan döreýän eserler, ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin giň gerime eýe bolmagy şol sanda hem ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bu eserleri okap tejribe toplamaklary olaryň zehinleriniň kämilleşmegine, dünýägaraýyşlarynyň giňemegine uly ýardam edýär. Kitaplarda ýazylýan her bir setirler halkymyz üçin uly gymmatlykdyr. Olardaky peýdaly maslahatlar, öwüt-nesihatlar ynsan üçin aňyrsyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Ine hemmämiziň bilişimiz ýaly Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby ýagny “Abadançylygyň Röwşen Gadamlary” atly eseri hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güninde ajaýyp sowgat bolupdy. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirildi. Onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlenendir. Elbetde şunuň bilen birlikde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler beýan edilýär.

Täze neşiriň häzirki döwrüň halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berjekdigini, Türkmenistanyň dünýä derejesinde alyp barýan işlerinde öňe sürýän çuňňur oýlanşykly syýasatyna, ýurdumyzyň ähli umumy ulgamda eýeleýän ornuna öňde goýýan maksatlaryna we wezipelerine has aýdyň düşünmäge ýardam etjekdigini bellenildi. Şol bir wagtda bu neşir diňe bir syýasatşynaslar, diplomatlar, bilermenler we žurnalistler üçin däl-de, daşary syýasat bilen gyzyklanýan adamlar üçin peýdaly bolýar.

Neşirde sebit meselelerine ähmiýet berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

18 Mart 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Mart 2025 | 1 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK