Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň biri bolup durýar.
Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilip, şondan bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, ukyply, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işler alyp barýar. Gurama açylan ilkinji güninden bäri agzalaryny bir ýere jemläp, olaryň güýjüni hem-de ukyplaryny, bilimini, dünýägaraýşyny Garaşsyz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Ýaşlar guramasynyň döredilen gününden bäri Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň ösüşini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşan, zähmetde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaşlary “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň” eýesi diýen at bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty hem hut ýaş Türkmenistanlylaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçilikleri has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda Ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy has tapawutlananlara gowşurylýar, şeýle hem ylmy işler boýunça bäsleşik, “Ýylyň parlak ýyldyzy”, “Talyp joşguny”, “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri”, “Merdana nesil”, “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary”, “Ylham joşguny”, “Ezber gözeli” we beýleki döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralýar we telegepleşikler döredilýär.
2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ylym we bilim edaralarynda bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri döredildi. 2016-njy ýylda “yashlar.gov.tm” elektron saýty açyldy. Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýalary iri kärhanalarda milli hem-de döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ykballaryny sporta baglan ýaş türgenlerimiz bolsa, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Alnyp barylýan işleriň baş maksady ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmekden ybarat bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, edebiýat we sungat bilen meşgullanmaklary, döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek üçin hemme şertler döredilen.
Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň esasyny düzýär. Hem-de bu işler Türkmenistanyň magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, tejribe alyşmagyna ýadam edýän halkara saparlarynyň guralmagyna goldaw berýäris. Şoňa görä-de dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň sany yzygiderli artýar.
Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk terbiýelemekde bitirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Annajahan ILLEKOWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.