Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy guramanyň Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekillerini, öňdebaryjy mekdep okuwçylarynydyr talyp ýaşlary bir ýere jemledi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bu forum Diýarymyzy özgertmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly ornuň degişlidigini nobatdaky gezek subut etdi.
Watandaşlarymyzyň köp sanly teklipleri nazara alnyp, Mejlisiň degişli kararyna laýyklykda, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýaşlar — beýik geljegimiz. Munuň özi ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr, nesilleriň arasyndaky mizemez jebislikdir. Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.
Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasan-da, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ýaşlaryň başarnygyny, kuwwatyny milletiň, adamzadyň bähbidi, dünýäniň parahatçylygy üçin ulanmak esasy wezipeleriň biridir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýmek bilen, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almagyny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu ugurda ýerine ýetirilmeli anyk işler 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde öz beýanyny tapdy.
Arkadagly Serdarymyz täze taryhy döwürde Ýaşlar guramasynyň işine uly ähmiýet berýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek Ýaşlar guramasynyň öňünde duran esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Şonuň ýaly-da, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek; ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmek, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmak; ýaşlarda halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolup durýar. Häzirki döwürde alyp barýan ähli işlerimiz şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilýär.
Ýaş nesil baradaky alada Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna ýokary baha berilýär. Zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek öňde goýlan durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer wezipeleriň özenini düzýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda öňde goýlan täze wezipeler hem ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagyna öz täsirini ýetirer.
Gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, watansöýüji, dörediji we gurujy ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda Watanymyzy, jemgyýetimizi demokratik ýol bilen ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi üpjün etmekde bitirilen netijeli işlere baha bermek, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine we ýaş nesil babatda döwlet syýasatymyza laýyk gelýän anyk çözgütleri kesgitlemek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny we mümkinçiliklerini mundan beýläk-de üpjün etmek meseleleri gurultaýyň esasy özenini düzdi. Şeýle-de onuň dowamynda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi.
Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly üstünliklere beslensin.
Mekan NAZAROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji
Ýaşlar guramasynyň başlygy.