Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň ajaýyp durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir.
2019-njy ýylyň 4-nji martynda gol çekilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky taryhy Karara laýyklykda, şol ýylyň 10-njy aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan, “Akylly şäher”, sanly, “ýaşyl” tehnologiýalaryň şäheri hökmünde ykrar edilýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda hem ösüş-özgertmeleriň keşbi aýdyň görünýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris.
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işler üstünliklere beslenýär. Arkadag şäheri bolsa onuň janly mysalydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň ajaýyp keşbi ýurdumyzyň sebitlerinde açylan we häzirki wagtda gurluşyklary üstünlikli dowam edýän häzirki zaman şäherleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň mümkinçiliklerinde mynasyp janlanýar.
Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde, häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň teklipleriniň öwrenilmeginiň möhümdigi barada aýdanlary ýaşlarymyzyň mynasyp hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän bimöçber aladanyň beýany boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlaryna belent sarpa, çäksiz guwanç, buýsanç beýan edilýär.
Ösüşleriň anyk menzillerini, ýeňişlerine barýan ýoluň aýdyň sepgitlerini kesgitläp berýän kämil paýhasyň eýesi bolan Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz beýik işleri alyp barýarlar.
Goý, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun.
Öz halkynyň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli eşretler döredilen ajaýyp şäherleri we obalary gurduryp berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun.
Aýbölek KAZAKOWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Baş buhgalteri.