ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLLARYMYZYŇ ÇYRAGY

Ajaýyp zamanamyzda asylly däbe görä, her bir ýylyň özüne mahsus şygar bilen atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny belende galdyryp, öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ugrukdyrýan ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy biz – ýaşlaryň buýsanjymyzy artdyrdy. Ýylyň şygary hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň, şu günki hem-de geljek nesilleriň abadan we ösüşlerden doly nurana geljegini üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Arkadag Serdarly ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny, Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli öz çykyşlarynda nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döretmegi, dürli ugurlarda zähmet çekmegi, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilen.

Ýaşlar döwletimizi täze-täze belentliklere ýetirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar. Şonuň üçin hem, ýylymyzyň şygarynyň bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen bagly bolmagy döwrüň öňe çykaran derwaýyslygydyr. Arkadagly Serdarymyz hemmämize, ylaýta-da, ýaş nesle görelde bolýar. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, dünýä derejesinde-de nusgalyk bolup durýar. Biz – ýaşlar nusgalyk, başarjaň, ýaş, tutanýerli, halkyň aladasy bilen ýaşaýan döwlet Baştutanymyzyň üstünliklerine buýsanyp ýaşaýarys. Ýylymyzyň şygarynyň bagtyýar ýaşlar bilen baglanyşdyrylmagy örän uly mana eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly ösüşlerini üstünlikli dowam etdirmek üçin döredilen binýat berk, ýollar giň we açyk. Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her birimiziň öz mynasyp ornumyzy tapmak, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň, ajaýyp başlangyçlaryň döwri. Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy eziz Diýarymyzda alnyp barylýan syýasatyň düýp özeni. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” hem mähriban halkymyzyň uly üstünlikleri gazanjak, berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göteriljek ýyllarynyň biri bolar.

Biz – ýaşlar ýylymyzyň şygaryny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, nurana geljegimize gönükdirilen döwletlilik ýörelgelerini tüýs ýürekden goldaýarys.

Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygy, özara ynanyşmagy berkitmäge, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy täze belentliklere ýetirmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin, jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Jennet GULMYRADOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY