BILIM ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym we bilim ojaklarynda giň mümkinçilikleriň döredilmegi günbe-günden ösüp barýan ýaş nesilleri kämil şahsyýet edip terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýerde ýaş nesillerde bilimler, başarnyklar, endikler kemala getirilip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin başlangyç ädimlere badalga berilýär.

Mugallym jemgyýetde okuw işiniň guramaçysy bolup hyzmat edýär. Mugallym okuw işiniň, zähmetiň bu görnüşiniň esasy döredijisi we dolandyryjysy bolýar. Mugallym çagalaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin hereket edýän adamdyr.

Halkymyzyň ussat mugallymy, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanyp ýazylan “Älem içre at gezer” romanynda mugallymçylyk barada şeýle dana jümleleri okamak mümkin: “Akyl sandyklaryndaky” ýazgylaryň biri Berdimuhamet mugallymyň ýadynda: “Beýik adamlaryň birinden sorapdyrlar: “Näme üçin sen mugallymyňy öz kakaňdan has gowy görýärsiň?”. Ol şeýle jogap gaýtarypdyr: “Kakam maňa gowgadan we gaýgy-aladadan doly gysga ömür berdi, ylym atam hem halypam bolsa, maňa şol şöhratdan doly bakylygy peşgeş etdi...”.

Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip ugran ýüzlerçe çagalar üçin mugallym ynsan ähliniň nusgasydyr, göreldesidir. Onuň her bir sözi, her bir hereketi mikroskopda görülýän ýaly, ýüzlerçe çaga gözlerinden geçip dur. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne gury sözler bolman, eýsem onuň ähli edim-gylymlarynda, onuň şahsy mysalynda öz beýanyny tapmalydyr. Onuň häsiýetiniň iň ajaýyp taraplary çagalar üçin nusga bolmalydyr. Pähimleriň birinde şeýle diýilýär: “Iň hormatly kärleriň biri adamlara ylym bermekdir. Beýik şahyrlaryň hem ilkinji mugallymlary bardyr. Diýmek, olaryň şeýle derejä ýetmeginiň esasyny goýan onuň ylym atasydyr”.

Hormatly Prezidentimiziň döredip beren mümkinçilikleri esasynda, ýylyň ýylyna täze mekdepdir çagalar baglarynyň sany barha artyp, olaryň gözel görnüşi görenleriň kalplarynda buýsanç duýgularyny oýarýar. Täze mekdepdir çagalar baglarynda daşary ýurt dillerini öwretmek üçin uly mümkinçilikler bolup, lingafon otaglary we multimediýa tagtalarda okatmagyň interaktiw usullaryndan işjeň peýdalanylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerine alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

 

Kuwwat ESENOW,

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň

5-nji orta mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY