Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan gyzlardyr. Ýaşlaryň hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy. Şu ýylyň şygarynyň hem ýaşlar bilen bagly bolmagy, ähli türkmen ýaşlaryny 2023-nji ýylda has hem tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy, ýaşlara bildirilen ynamyň nyşany bolup, bu belent ynama mynasyp jogap gaýtarmak her bir ýaş raýatyň mukaddes borjy bolup durýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň kämil paýhasly Baştutanynyň ýaş nesle bildirýän ynamyndan nyşandyr. Muňa mysal edip, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýyndaky çykyşynda, Arkadagly Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýandygymyzy, şol belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanylýandygyny nygtady. Bu ýaşlara döwlet derejesinde berilýän ähmiýetiň we bildirilýän egsilmez beýik ynamyň iň aýdyň şöhlelenmesidir. Şu gün ertirki nesilleriň badalgasydyr. Ertirleriň aladasy hut şu günlerden gözbaş alýar. Bu ýörelge, bu dessur Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrüň derejesinde ösdürilýär. Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan işler Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Watanymyzyň diňe bir şu gününiň däl, eýsem ajaýyp ertirleriniň beýikliginiň, sagdynlygynyň aladasyny hut şu günlerden binýat edýän kämil paýhasly Arkadagly Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.