Berkarar döwletiň täze Eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasaty halkymyzyň bagtyýar eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde ýer ýüzünde abadançylygyň parahatçylygyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda aýdylanda elbetde dünýäde parahatçylygyň ilçisi hökmünde ykrar edilen sportuň eýeleýän orny ähmiýeti ägirtdir. Döwlet baştutanymyz biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen hoşniýetlik dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip dünýä bileleşiginiň bähbitlerine ähli umumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys diýip nygtaýar. Dünýäde sportuň üsti bilen parahatçylygy abadançylygy hoşniýetlik dost doganlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga esaslanan syýasatynyň dabaralanýandygyna Hormatly Prezidentimiziň 14-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde bolup geçen GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynyň mysalynda halkara jemgyýetçiligi ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdi. Arkadagly Serdarymyzyň has takygy diňe bir GDA-nyň däl eýsem gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň hem türgenleri üçin açyk bolan yzygiderli esasdaky dostluk oýunlaryny guramak boýunça işe başlamagy teklip edýäris dostluk oýunlary möwsümleýin ýagny tomusky we gyşky oýunlar bolup ýaşlaryň ýetginjekleriň arasynda sportuň aýry aýry görnüşleri boýunça geçirilip bilner. Hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak köpçülikleýin bedenterbiýäni sporty sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-etmek beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatdaky şahsy göreldesinden ruhlanan türgenlere halkara derejede ýurdumyzyň sport abraýyny mynasyp gorap türkmeniň ýaşyl tuguny belentde parladýarlar. Ata watanmyzda ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek ýaramaz endiklerden daşda saklamak milli mirasymyza taryhy geçmişimize söýgi döretmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk-sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurulýar. Gözel paýtagtymyzda özboluşly olimpiýa şäherçesiniň döredilmegi bütin dünýäniň üns merkezinde ornuny tapdy. Halkara olimpiýa komitetiniň we aziýasynyň olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzy olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Parahatçylygyň ilçisi bolan sportuň dost-doganlygyň abadançylygynyň giň gerimde rowaçlanmagy üçin halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän hem-de dünýäde sport döwletli diýlip ykrar edilen ýurdumyzyň abraý mertebesiniň has-da belende galmagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Myrat GOŞAÝEW,
“Türkmendemirýollary” agentliginiň
Magtymguly adykdaky IÝG-nyň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.