Ýurdumyzyň muzeýlerinde milli mirasymyzy gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek we ösdürmek bilen bagly işler giňden alnyp barylýar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de XIX asyryň ahyrlaryna, XX asyryň başlaryna degişli milli egin-eşiklerimiz saklanylyp, olar dürli biçüwi we tikilişi bilen tapawutlanýar.
Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biri-de ärsary gyzlarynyň geýýän jodur tahýasydyr. Bu tahýanyň ýerligi ak matadan edilip, dürli reňkli nagyşlar bilen keşdelenýär. Esasy bölegine jodur nagşynyň salynýanlygy üçin oňa «jodur tahýa» diýilýär. Ol alma çigidini ýada salýan özboluşly owadan çigildem gülüne meňzeş nagyşdyr. Bu nagyşda on barmagy hünärli gelin-gyzlar, köplenç, gyzyl, gara, gök, ýaşyl reňkli ýüpek sapaklary ulanypdyrlar.
Tahýanyň depesi dört bölekden ybarat bolup, onuň esasyna jodur nagşy, galan ýerine üçburç şekilinde «üzülmez» nagşy keşdelenýär. Eteginde bolsa ýarty «jodur» we «aşyk» nagşy salnyp, «alaja» nagşy, jähek, syzgy bilen gutarýar.
Çaga sümmen topbusy hem şeýle usulda taýýarlanylýar. Onuň ýerligi ak matadan bolup, käwagt gyzyl, gara, ýaşyl, gök matalar bilen sepleşdirilýär we «çigildem», «alaja», «jodur», «üzülmez», «gülýaýdy» nagşy bilen bezelýär. Jodur nagşy diňe tahýada bolman, eýsem, Lebap welaýatynda dokalýan halydyr palaslara hem salynýar. Dürli reňkleriň ulanylmagy bu sebitiň bol suwly we ösümlik dünýäsine baýdygyny görkezýär.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan tahýalarymyz bu günki günde ýaş nesilleri milli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Ogulgerek AGAJANOWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýiniň uly ylmy işgäri.