Ata babalarymyz ir döwürlerden bäri häzirki wagtda mirashana gymmatlyklaryna öwrülen küýzeleriň dürli görnüşlerini ulanyp gelipdirler. Olar türkmeniň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasyna süri-süri mallary bilen ýazlaga çykar ekenler. Ýazlag döwründe goýundyr-geçi süýdünden taýýarlan ýaglary küýzelere guýup, agzyny bekläp, birnäçe metr çuňlukda çägä gömüp goýupdyrlar. Çägäniň astynda duran küýzelerdäki ýag arassa saklanypdyr. Depbe, golça ýaly ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň gündelik durmuşynda ulanyp gelen küýzeleri dürli ululykda ýasalyp, olar diňe bir ýag däl-de, eýsem gowurma, toşap ýaly önümleri saklamak üçin-de ulanylypdyr. Golçalaryň agzy giň, boýy pesräk bolansoň, olar ulanmaga has-da amatly bolupdyr. Şonuň üçin-de ir döwürde maşgalada hojalyk gaby bolup hyzmat eden golçalarda pederlerimiz duz hem saklapdyrlar. Ene-mamalarymyz ýazlag günleri taýýarlan saryýaglaryny golçalara guýup, daşyny suwap, bokurdagyna çenli ýere gömüp saklapdyrlar. Ýag saklamak üçin ulanylyp gelnen küýzeleriň ýörgünlileriniň biri-de depbe küýzeleridir. Mirashana işgärleriniň aýtmagyna görä, bu täsin küýzelerde saklanylan saryýag birnäçe ýylyň dowamynda tagamyny ýitirmändir, onuň dermanlyk häsiýetleri bolsa ýyl geçdigiçe güýçlenipdir. Depbe küýzesi barada türkmen diliniň düşündirişi sözlüginde şeýle düşündiriş berilýär: “Depbe-çyryş, garadendan ýaly, otlaryň köküne un, kepek garylyp eýlenip, küýzä meňzeş edilip ýasalýan, ýag, toşap guýulýan gap”. Ata-babalarymyzyň çyryşdan ýag depbelerini ýagny, küýzelerini ýasaýyşlary-da täsindir. Munuň üçin çyryşyň kökleri birnäçe wagt gaýnadylypdyr. Onsoň, ondan ýelime meňzeş şepbik emele gelipdir. Soňra şol şepbige biraz mum hem goşulupdyr. Berk matadan halta tikilip, onuň içine saman dykyp doldurypdyrlar. Haltany agajyň şahasyndan asyp, çyryşyň kökünden we mumuň şepbiginden emele gelen şepbigi haltanyň daşyna çalypdyrlar. Daşy gurandan soň, ýene-de birnäçe gezek ýelime öwrülen şepbigi haltanyň daşyna gaýtalap çalyp durypdyrlar. Gabyň daşy mazaly gurandan soň onuň içindäki samanyny aýryp arassalapdyrlar. Soňra, taýýar bolan gaby gaýnap duran ýaga çümdüripdirler. Şonuň üçin-de iki gulply edilip ýasalan ýag depbeleri örän berk hem-de ekologik taýdan arassa gap bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem ata-babalarymyzyň ýag depbelerini ýasamak üçin ulanan güýçli ýelimli häsiýete eýe bolan çaryş köki barada-da aýdylýar.
Döwlet HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň hojalyk
Işleri boýunça esasy hünärmeni.