TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA “SALLAHLAR WE SAWÇYLAR” ATLY SAHNA OÝUNY GÖRKEZILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gurulýan döwrebap kitaphanalar, muzeýler, medeni merkezler, medeni-durmuş maksatly binalar has köpelýär, bu bolsa Watanymyzyň keşbini şeýle-de ýaşaýyş-durmuş derejesini özgerdýär. Biziň ýaşaýşymyz medeniýet bilen bagly bolup, her bir pursadymyz şatlyk-şowhuna beslenýär, gündelik durmuş adatlarymyz bolsa medeni gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýar. Şunuň ýaly gurluşyklaryň geriminiň giňelmegi olarda çäreleriň täsirli guralmagyna mümkinçilik berýär. Mähriban Arkadagymyz halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreleriň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmek, dünýäde parahatçylygy, agzybirligi pugtalandyrmak maksatlaryndan ugur alýandygyny belleýär. Diýarymyzyň milli medeniýetiniň ösüş depginleri barha rowaçlanýar. Şeýle medeni çäreleriň biri ýakyn günlerde gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Sallahlar we sawçylar” atly sahna oýuny görkezildi. Teatr artistleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sahnasy tomaşaçylaryň arasynda uly täsirleri galdyrdy. Medeniýet we sungat işgärlerimiziň eziz Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, bu ajaýyp zamanany, belent mertebeli Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk bagtyny wasp edýän joşgunly çykyşlary her birimiziň göwnümizi galkyndyrýar, watançylyk duýgymyzy has-da artdyrýar. Halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun hem-de döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

Sapar ARAZNEPESOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

15 Oktýabr 2024 | 28 okalan

BEÝIK ÖSÜŞLERDEN GALKYNÝAN WATAN

15 Oktýabr 2024 | 23 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

14 Oktýabr 2024 | 74 okalan

TÄSIRLI GEÇEN BRIFING DUŞUŞYGY