EÝJEJIKLER BÄSLEŞDILER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar nesilleriň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işleri öz miwesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň “Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym- saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim – ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan – şöhratymyzyň dünýä ýaýmalysyňyz” diýip, çagalaryň döredijilik we sungat dünýäsinde öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini, bilimlerini ösdürip, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler yzygiderlikde geçirilýär.

Ýakynda Aşgabat şäheriniň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän “Iň eýjejik gyzjagaz – 2023” atly şadyýan bäsleşiginiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry uly şowhuna beslendi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilýär.

Bu bäsleşige etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzjagazlaryň 25-si gatnaşdylar. Bäsleşigiň birinji şerti boýunça gyzjagazlar Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirdiler. Ikinji şerti boýunça bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Üçünji şerti boýunça gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Gyzgalaňly geçen bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 2-nji “A” synp okuwçysy Hommadowa Meňli, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 115-nji orta mekdebiniň 2-nji “Ç” synp okuwçysy Ataýewa Aýgül, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Baýlyýewa Gulruh, Aşgabat şäheriniň 111-nji orta mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Serdarowa Aýzada, Aşgabat şäheriniň 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 3-nji “B” synp okuwçysy Pirgulyýewa Selbi mynasyp boldular. 1-nji - 2-nji orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Akpamyk ORAZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.