Şu günler halkymyzyň Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi ýokary derejede ýurdumyzyň ähli ýerinde ruhubelentlik, hoşniýetlik umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen dabaralanýar. Bu baýramda folklor-etnografiýa toparynyň çykyşlary, milli lybaslar, aýdymdyr tanslar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy baýramyň tebigatyň we durmuşyň galkynyşyny alamatlandyrýandygyny görkezýär.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawuna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Dana hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Duman peýda” diýip atlandyrylýan şygrynda şeýle setirler bar:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda
Bejanlar jana gelip, açylar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sudu zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda
Wabesta dahan guşlar kylarlar zyban peýda
Halkymyzda Nowruz saçagyny dürli we tagamly nygmatlar, köpdürli naharlar bilen bezemek dessury gadymdan bäri dowam edýär. Nowruz saçagyna goýulýan naz-nygmatlaryň syrly güýje eýedigine ynanylypdyr. Şolaryň biride Nowruz semenisidir. Mundan başgada türkmen halky Nowruz saçagyna palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly tagamlary goýýarlar. Bize ata babalarymyzdan galan baýramlarymyzy döwrebap derejede geçirmäge ony köpçülik ýerlerde wagyz-nesihat etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunmyzy aýdýarys goý olaryň janlary sag ömürleri uzak bolsun.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.