SAGLYGYM BAŞ BAÝLYGYM

Milli Liderimiz we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylan il bähbitli, ýurt ähmiýetli, işleriň biride “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny doly amala aşyrmakdan, halkyň jan saglygyny gorap saklamakdan, ömrüni uzaltmakdan, şol sanda ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 14 jiltden ybarat bolan nusgawy kitaby ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleri köpçülikleýin öwrenmegiň hem-de onuň esasynda derman taýýarlamagyň esasy bolup durýar. “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly öňki ylmy işleriniň özboluşly dowamy bolup, dermançylyga degişli ensiklopedik maglumatlary özünde jemleýän bu nusgawy kitap türkmen halkymyza maslahatçy, ýol görkeziji bolup durýandygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynda “Türkmenistanda ösýän we halk lukmançylygynda ulanylýan 2 müňe golaý dermanlyk ösümlikleriniň diňe 100-den gowragy ylmy nukdaýnazardan ulanylmaga rugsat edilendir” diýip anyk maglumatlary getirýär. Şol hemme taraplaýyn himiki, farmakologik, toksikologik täsirini öwrenmäge degişli dermanlyk serişdeleriň biri hem Beýidir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly nusgawy kitabynyň 5-nji jiltinde ýerleşdirilen beýiniň miwesiniň we onuň ýapraklarynyň lukmançylyk ähmiýeti örän uludyr.

Beýi – Abu Aly ibn Sinanyň ýazmagyna görä, ondan sykylyp alnan şire demigme we demgysma peýdalydyr, onuň çigitleri bolsa bokurdakda garyljyklyk dörände peýdalydyr we öýken ýollaryny ýumşadýar. Olaryň nemi dem alyş turbasynyň guraklygyny ýumşadýar diýip belleýär.

Beýi bagynyň medeni sortlary Kawkazda, Orta Aziýada, Krymda, Moldоwada ösdürilip ýetişdirilýär. Şonuň ýalyda ol güneşli diýarymyzda hem giňden ýaýrandyr. Beýi agaç görnüşli gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär, gür ýaprakly, şar görnüşli telpekligi bolýar. Gülleri sada bir-birden bir ýyllyk baldaklarda emele gelýär. Miwe düwünçekleri emele gelensoň, hasyl getiriji baldaklarda emele gelýär. Miwe düwünçekleri emele gelenden soň, hasyl getiriji baldaklar ösmeýärler. Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan, uzak ýerlere daşalanda hem zaýalanmaýar.

Beýi agajy Türkmenistanyň (çägeli we toýunly ýerlerden başga ähli ýerlerde ösýär) ähli ekin meýdanlarynda, mellek-baglyklarda, köçeleriň gyralarynda ösýär. Abu Aly ibn Sina “Lukmançylyk ylymynyň kanunlary” atly kitabynda “Beýi ýokanç iç geçmesine garşy kömek edýär. Eger onuň sykylyp alnan şiresini ýa-da ýagyny damdyryp, peşewakar ýoluna aralaşdyrsaň, ol aýbaşyny saklaýar we buşugulanda awuşamaklyga garşy kömek edýär” diýip belleýär.

Muhammet Gaýmaz Türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” kitabynda adaty beýi (Cydonia indica) hakynda şeýle maglumatlar getirilýär:

 Beýi -sowuk-gurak tebigatly, aşgazan üçin ýaramly miwedir. Beýi esasan iç saklaýjy, keseliň gaýtalanmasynyň öňini alýan serişde hökmünde belli. Nahardan soň beýi iýseň içiňi ýumşadýar, emma ony aşa köp iýmek içde sanjy döredýär. Üsgülewigi we bogaz çişme keselini bejermek üçin iň peýdaly emleriň biri beýi suwuny içmek ýa-da onuň bilen agzyňy çaýkamakdyr. Beýini şol durşuna hem, kakadybam ulanyp bolýar.

Iç saklaýjy serişde hökmünde üwelen beýi bellidir, emma ol käwagt iç sürýän derman hökmünde ulanylýar. Limon garylan beýi içgisi, tebigy beýi suwy ýa-da ondan alynýan ýag derlemäni saklaýar, aşgazanyň işleýşini güýçlendirip, ýüregi berkidýär. Jana ýakymly bolan suwyny anbar bilen garyp ulanmak has-da güýçli täsir edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlar biziň geljegimizdir” diýip, ýaşlara uly ynam bildirmek bilen, olaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirip, ýurdumyzyň ösüş depgininiň has üstünlikli bolmagyny üpjün etmelidigini nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri, bilim ojaklarynda dünýäniň iň täze gazanan tejribeleriniň, öňdebaryjy usulyýetleriniň ornaşdyrylmagy biz ýaşlara täzeçillikleriň üstünde işlemäge giň ýol açýar.

Okamaga, döretmäge giň ýol açýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.

 

Resul DOWWAÝEW

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy

adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän

mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy.