“ÝAŞLARA GUTLAG”

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat şäherimizde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ata Watanymyza hem-de hormatly Prezidentimize beýan edilýän buýsanç sözleri ýurdumyzyň zenanlaryna bagyşlanyp geçirilen baýramçylygyň esasyny düzdi. Zenanlar halkymyzyň ruhy-ahlak taýdan baýlaşmagyna, Diýarymyzyň gülläp ösmegine, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerine öz goşantlaryny goşýarlar we Watanymyzyň geljegi bolan mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirýärler. Baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş  we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri bar. Şeýle hem dabara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar. Bu gezekki dabarada Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýan “Ýaşlara gutlag” atly täze aýdymy ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna bagyşlanan döredijilik sowgadydyr. Her bir adamyň durmuşynyň iň bagtly pursatlaryna bagyşlanan täze aýdym atanyň iň gowy arzuwlarynyň we durmuşyň nurana ýoluna ak patasynyň beýanyna öwrüldi. Ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýerine ýetirmeginde diňledildi.

Türkmen halkynyň aýratyn gadyr goýýan ruhy-ahlak gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda Watanyň geljegi hasaplanýan ýaş nesilleriň terbiýesini, maşgala mukaddesliginiň berkidilmegini we ahlak gymmatlyklarynyň saklanylmagyny esasy ugur edinýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimiziň paýhasly ýörelgeleri mynasyp derejede dowam etdirilýär we baýlaşdyrylýar. Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Döwletli ojaklarda toýlar uludan tutulýar. Toýlar türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, olarda ýaşaýşyň ählitaraplaýyn sazlaşygy jemlenýär. Perzendini durmuş ýoluna atarmak, ony öýli-işikli etmek her bir ene-ata üçin uly bagtdyr. Munuň özi döwletlilikdir, adam ömrüniň manysydyr, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolmagydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan joşup çykan “Ýaşlara gutlag” aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasydyr. Şoňa görä-de, bu aýdym ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdyr. Çünki onda ene-atalaryň ählisiniň kalbyny bir owazda birleşdirýän iň nurana duýgulardyr. Baýramçylyk şatlygyny artdyran täze aýdym dabara gatnaşyjylar tarapynda uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy

 

ÝAŞLARA GUTLAG

Köňül kendim, ömre bendim,

Diňlegin sözlem!

Bagt diýen zat damja bolsa,

Ýaz ýagşa eziliň!

Söýgi besläp ýüreklerde,

Taryha ýazylyň!

Şirin sazym perdelerden

Saýladym saňa!

 

Seň dünýä inen günüň —–

Şol gün şeýle begendim.

Durman aý-günler aýlanýar,

Bu gün bagt toýuň!

 

Goý, adyňyz müň ýyllyk

Ýazsyn ýyldyzlar düzülip.

Tutup ellemde,

 

şatlansam,

Götersem çowluk.

 

Belent sakla abraýyň,

Mähriban oglum!

Ädim-ädim durmuş ýola

Uzaýar ýoluň.

Mähir nurun saçsyn ýola,

Seň söýen gülüň!

Ýürek sözlem bir beýanyn

Sözledim saňa

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň  sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

KERIM GURBANNEPESOW

Indiki makala

SAGLYGYM BAŞ BAÝLYGYM