EDEP TERBIÝE

Gowy zadyň gadyryny bilmek — paýhaslylykdan. Geçmişde özüňe ýa-da ata-babaňa eşret beren, pena bolan, gala bolan, öý-öwzar bolan zatlaryň gadyrynyň bilinmegi, onuň islendik döwürdäki gymmatyna düşünilmegi, gör, nähili gowy zat bolsa gerek. Nesil terbiýesi, çagalary zähmet bilen terbiýeläp geljege taýýarlamak perzent üçin ene-atanyň berip biljek iň gymmatly hazynasydyr.

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr. Nusgawy edebiýatymyza ser salanymyzda, olaryň ençemesiniň öwüt-ündew äheňlidiginden çen tutsaň, munuň şeýledigine aňyrýany bilen göz ýetirýärsiň. Olardan miras galan bu asylly gymmatlyklarymyz häzirki bagtyýar döwrümiziň buýsançly, gujurly, asylly ýaşlaryna ýol görkezijidir. Bu mukaddes ýörelgede sagdyn jemgyýet, kämil döwlet, abadan ojak bitewüligi jemlenýär. Edep-ekram, arassa ahlaklylyk maşgalanyň berkliginiň görkezijisi bolupdyr. Terbiýeli, sagdyn ruhly maşgala bolsa, jemgyýetiň, döwletiň daýanjy bolup durýar. Näme üçindir, edep-ekram hakynda söz açanymyzda, ilki bilen, Aý ýüzli, şirin sözli zenanlarymyz göz öňüne gelýär. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi asyrlar boýy halkymyzyň aýawly garaýan mukaddesligi bolup gelipdir. Olar taryhyň ähli döwürlerinde-de özleriniň asyllylygy, mähribanlygy, maşgalasyna wepalylygy, eliniň çeperligi bilen saýlanypdyrlar. Olar gerek ýerinde erkekler bilen deň durup, ata Watany, ene topragy, milletiň ar-namysyny goramakda gaýduwsyzlyk görkezipdirler. Ata-babalarymyz «Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet», «Gyz edebi — il edebi», «Edep zenan üçin geýim ýalydyr», «Edep bir täçdir», Enäniň mähri — zor, terbiýesi — zer», «Edenli gelin ojaga — şeker, edebi ýüregiňe nur bolup çöker», «Asuda maşgalaň gelni edepli, ol ojagyň duzy-tagamy datly», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt» ýaly pähimli sözleriň üsti bilen zenanlaryň maşgaladaky, jemgyýetdäki ornunyň uludygyny, olaryň adamzadyň dowamatyny dowam etdiriji mähribanlardygyny beýan edipdirler. Şunuň ýaly dana pähimler nesillerimiziň terbiýesinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ynsan bir daragt bolsa, perzent — onuň miwesi. Ata-eneleriň arzuwlarynyň naýbaşysy bolsa, çagasynyň edepli-terbiýeli bolup, iliň ýagşysyny ýaran edinmegidir. Agaçlaryň kökden boý alşy ýaly, nesillerem öz ata-enesiniň ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Oglan çaga köplenç atanyň edenini gaýtalasa, gyz enäniň hereketlerini häsiýetine geçirýär. Şonuň üçin enä uly borç düşýär. Kişi maşgalasy bolansoň, enelerimiz gyzlaryny baran ýerlerinde bir hojalygyň işini alyp gider ýaly terbiýeleýärler. Eneler ilki bilen gyzlaryna üst-başlaryna, boý-syratlarydyr şamar saçlaryna timar bermegi öwredýärler, beden saglygyny we tämizligini saklamagy ündeýärler. Ýagşy edep-terbiýe alan gyzlar säher bilen örüp, öýleriniň içini-daşyny syryp-süpürip, gül pürkülen ýaly edýärler. Şeýle öýlere gireniňde, ilki bilen, öý-goşlarynyň ýerbe-ýerligi, gap-gaçlarynyň arassalygy gözüňe ilýär. Soňra gyz maşgalanyň yhlasyny siňdirip, bişiren naharyndan dadyp, geljekde onuň baran öýüni mähri, yhlasy bilen gurşajakdygyna ynanýarsyň. Şeýle işjanly gyzy ogluňa gelin edinip, öz öýüňden örmegini islärsiň.Şu ýerde ýene bir zady aýratyn belläsim gelýär. Zenan maşgalanyň hormata-sylaga mynasypdygy onuň görküne bagly däldir. Sypaýy hereketleri, asyllylygy, gymmat bahaly däl-de, sada geýinmegi, mylaýymlygy onuň gözelligine gözellik goşýar.

Maşgala, ene-ata, perzent, öý-ojak, saçak — bular halkymyzyň gymmatlyk hökmünde iň ezizleýän, apalaýan mukaddeslikleri. Küren oba bolup, halkymyza mahsus häsiýetleri bilen agzybirlikde, jebislikde ýaşaýşyň giň ummanynda ýüzen pederlerimiz nesilleriň durmuş ýollaryna täsir etjek ýagdaýlary inçelik, parasatlylyk bilen duýmagy, ony durmuş kadasyna öwürmegi başarypdyrlar. Ata-babalarymyz maşgalanyň sagdynlygyny gazanmak, abraý-mertebesini goramak üçin gahrymançylygy, edermenligi baýdak edinipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde döwletimiz maşgalanyň ähli babatda üpjünçiligini öz üstüne alyp, bolelin ýaşamagy, nesilleriň ösen jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda işlemegi, halan hünärlerini ele almagy üçin dyngysyz alada edýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys» diýip, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn sarpasyny beýan etmek bilen, nesillere nusgalyk göreldesini görkezýär. Halkymyzyň maşgala ýörelgeleriniň naýbaşylary diýip, pikiriň, ruhy dünýäniň, ynsabyň, yhlasyň, zähmetiň arassalygyna düşünilýär. Halkymyzyň synlap-seljerip, döwürleriň eleginden inçelik bilen geçiren pikir-hyýallary, pähim-parasatlary her bir pursatda göwnüňe laýyk gelýär. Binýady berkden tutulan maşgala jemgyýetiň ösüşleriniň öňe gitmegine oňyn täsir edýär. Çünki maşgala halkymyzyň iň uly mukaddesligi. Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiniň dürli döwürlerinde Gahryman Arkadagymyz kuwwatly döwletimiziň ähli mümkinçiliklerini halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirdi. Bu bolsa döwletimizde köp çagaly maşgalalary goramak, goldamak babatda yzygiderli alnyp barylýan işleriň ýurt derejesindäki görkezijisidir. Maşgalanyň berkligini jemgyýetiň hemmetaraplaýyn baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz peder pendine uýup, jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny goramak baradaky aladalary bilen türkmen milletiniň geljeginiň şuglaly, ygtybarly boljakdygyny kepillendirýär. Halkymyzyň durmuşyny bagtyýarlyga besläp, döwletimizi ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, elmydama işleri rowaçlyga beslensin!

 

Annajahan ILLEKOW,

Aşgabat dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky ilkinji

Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

18 Mart 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Mart 2025 | 1 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK