ARKADAG ŞÄHERI – KÖŇÜLLERIŇ KELAMY

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslenen mukaddes taryhy topragynda gurulan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarmyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriniň binagärlik keşbinde Watanmyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde mähriban Watanmyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanmaga berilýär. Beýik şahrymyz we akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň, merdana ata-babalarymyzyň arzuw eden şu beýik bagty-Berkarar döwleti, agzybir, abadan, we bagtyýar durmuşy hormatly Prezidentimiziň syýasatynda hakykatda hakykata öwrüldi. Agzybir türkmen halkymyz Gahryman arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarmyzyň döredijilikli içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzy ýakyn ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan uly möçberli düýpli özgertmeleri doly goldaýar we bu il-ýurt bähbitli işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Sebäbi bu beýik işler şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.

 

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

EDEP TERBIÝE

Indiki makala

ARKADAG ŞÄHERI

Meňzeş habarlar

18 Mart 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

18 Mart 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Mart 2025 | 1 okalan

TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK