Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstümizdäki ýylda uly buýsanç bilen gadam basan täze zamanamyzyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Arkadag Serdarly Bagtyýar Ýaşlar» ýyly taryhy wakalar bilen gurşalmagy hem aýdyň tekrarlaýan bolsa gerek.
Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda – gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän ajaýyp wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulan Arkadag şäheri bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girýär.
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.
Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy ähli halkmyz bilen bir hatarda bagtyýar ýaşlaryň hem şatlygyny has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy we «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmagy, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy we «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy» diýip atlandyrmagy, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy we «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýip atlandyrmagy, täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz görlüp-eşidilmedik durmuş-ykdysady ösüşleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz düýpli özgerýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, diňe paýtagtymyzyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň binagärlik keşbi özgerip, gözel görke gelýär.
Öz halkynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşatýan “Watan diňe halky bilen watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýýän Arkadagly Serdarymyza hem-de “Döwlet adam üçin” diýen beýik taglymaty öňe süren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak tutýan işleri rowaç bolsun.
Merdan ORAZOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.