Ýaşlar döwrüň, milletiň döredijilik güýjüni özlerinde jemleýärler. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim, terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň saglyk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly nesli kemala getirmek, telekeçilik işine giňden höweslendirmek, ýaş maşgalalaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleri döredýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda„ Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi„ Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy„ hereket edýär. Şol resminamalara laýyklykda, ýaşlar ykballaryny gülletjek beýik işler bilen meşgullanmaga, durmuşlarynyň döwrebap hem abadan bolmagyny üpjün etmek hukuklaryna eýe bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynda, ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Ýaş nesil, ýaşlar döwletiň güýji we geljegidir. Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti döretmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanýar. Ýaşlar döredijilik işiniň hem obýekti, hem subýekti hökmünde jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyny, has-da ösmegini, ýurduň döwrebaplaşmagyny dowam edýän hakyky jemgyýetçilik güýjüne öwrülýär. Bularyň hemmesi ýaşlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmäge, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde juda jogapkärçilikli we çuňňur oýlanyşykly çemeleşilmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk derejesine möhüm üns berýär.
Hormatly Prezidentimiz: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban watanymyzyň abadançylygyny we durmuş ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýmek bilen, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmagy, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almagyny üpjün etmegi, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Arkadagly Serdarymyz täze taryhy döwürde Ýaşlar guramasynyň işine uly ähmiýet berýär. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgüni ösdürmek, ýaşlaryň şahsy jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek, ýaşlarmyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olary jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek Ýaşlar guramasynyň öňünde duran esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.
Ýaşlary ýaşaýşyň baýdagyna deňeýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Milli Liderimize tüýs ýürekden alkyş aýtýarys.
Perman ÖWEZOW,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB-nyň
bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň
programma üpjünçilik bölüminiň baş hünärmeni,
IÝG-niň başlygy.