Täze taryhy eýýamymyzda ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli peýdalanmak ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimizi şahsyýet hökmünde kemala getirmekde nusgawy edebiýatymyzyň söz ussady, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlaryna esasy orun degişlidir. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň paýhas ummanynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini watansöýüjilik, ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize bu güne çenli dilden düşmän gelýär. “Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär”, “Adam ogly bäş gün duza myhmandyr”, “Ömür saly artar alkyş alanyň”, “Kemlik eýle, kemal bar” “Menlik etme, zowal bar» ýaly şygra siňen pähimleri bu günki gün halkyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy onuň türkmen diliniň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr. Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyryň arzuw eden zamanasynda ýaşaýan nesiller Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna uly sarpa goýýarlar. Şygyrlary bilen halky bitewülige, il-ulsy agzybirlige çagyryp, berkarar döwlet gurmagy arzuwlap ýazylan keremli setirleriň eýesi bu günki günde dünýä derejesinde sarpalanýar. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, şöhratly başlangyçlary dowamat-dowam bolsun!
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.