Arkadag şäherini halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu şäherde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleriniň hereket etmegi ýola goýulýar. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny şertlendirer. Döwrebap tehnologiýalaryň işe girizilmegi, edaralara we ýaşaýyş jaýlaryndaky her bir öýde ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Bulardan başgada, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumynyň gurnalmagy bularyň üstüni ýetirýär. Gurulýan desgalarda «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlaryndan uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýasy işe girizilýär. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün ed- ýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalýar Arkadag şäherindäki «akylly» ýolyşyk gije-gündiziň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde, jemgyýetçilik ýerlerinde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmekde ýüze çykan hadysa boýunça dessin degişli işleri geçirmek, ol barada degişli gulluklara habar bermek, maglumatlary ýygnamak, «akylly» wideogözegçilik ulgamy çatryklarda ýagdaýy hakyky wagtda seljerer ýaly awtoulaglaryň hereketiniň köplüginiň derejesini kesgitlemek we merkezi dolandyryşa maglumat ibermek maksady bilen ýola goýulýar. Şeýle hem Arkadag şäherinde «ýaşyl» tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylýandygy, elektroawtobuslaryň, elektromobilleriň hereket etjekdigi, awtoulaglar üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalaryň peýda boljakdygy hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Watanymyzyň barha ösüp-özgerýän döwründe Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesiniň berlip, oňa «Arkadag» adynyň dakylmagy diýseň buýsançly wakadyr. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheri welaýatyň taryhyndaky iň iri gurluşyk taslamasydyr. Ägirt uly giňişligi eýeleýän täze şäheriň sebitde, hatda dünýäde-de deňi-taýy ýokdur. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan işleriniň ajaýyp beýanydyr. Şeýlelikde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä we milli tejribesini özüne siňdirýän Arkadag şäheri gözelligiň hem-de döwrebaplygyň şäherine öwrülýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: döwrüniň beýik ösüşleriniň ajaýyp keşbi ýurdumyzyň sebitlerinde açylan we häzirki wagtda gurluşyklary üstünlikli dowam edýän häzirki zaman şäherleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň mümkinçiliklerinde mynasyp janlanýar.
Bu şäheri kim gurýar. Ýaşlar gurýar. Özi hem türkmen ýaşlarynyň gurmagy bolsa ýurdumyzyň soňky ýyllarda kemala gelýän nesliniň aň-düşünjesiniň barha belentdiginiň, bularyň sakasynda bolsa beýik aladanyň bardygyny subut etýär. Gahryman Arkadagymyz:-“Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr.” Diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Häzir wagtda Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçysy wezipelerine esasan, ýaşlar bellendi. Şeýle-de şäherde işlejek hünärmenler, ýaşajak ilat, esasan ýaşlardan ybarat bolar. Şeýlelikde, bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewüligi, ýurdumyzyň okgunly we abadan gülläp ösüşi öz beýanyny tapýar.
Hormatly Arkadagmyzyň şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde, häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň teklipleriniň öwrenilmeginiň möhümdigi barada aýdanlary ýaşlarymyzyň mynasyp hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän bimöçber aladanyň beýany boldy.
Ösüşleriň anyk menzillerini, ýeňişlerine barýan ýoluň aýdyň sepgitlerini kesgitläp berýän kämil paýhasyň eýesi bolan Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz beýik işleri alyp barýarlar.
Goý, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun.
Öz halkynyň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli eşretler döredilen ajaýyp şäherleri we obalary gurduryp berýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, işleri rowaç bolsun.
Mähriban ŞYHMYRADOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.