“DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI-ROWAÇLYGA BADALGA”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” rowaçlyklaryň, üstünlikleriň, göwünleriň ganatlandyrýan ýyly. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň bitirýän beýik işleri ynsanlaryň ýaşaýyşyna, durmuşyna, ömrüne ömür goşýar.Göwün güllerinde bagtyýarlyk höküm sürýär. Bagtyýarlyk höküm sürende döwletlilik ýörelgeleri ömürüň manysyny açýar.Döwletlilik ýörelgeleri barasynda söhbet açanyňda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly ajaýyp kitabynda gadymy çeşmeleriň baldan datly setirleri ruhy iýmit bolup aňyna ornaýar.Bu ajaýyp kitabyň her sahypasynda ynsan durmuşynyň ömri açylýar, syrly garaýyşlaryna giňişleýin düşünje berilýär. Lebzi halal, dogruçyl, hakyna kaýyl, sabyrly, päli pes, eli açyk, asylly, batyrgaý, mert adamlaryň öz maksadyna ýetip, adalat ýörelgeleriniň iň dogry hem ygtybarly ýollary barysynda aýdylyp geçilýär.Ynsan ömri açylmadyk hazynadyr, dokalan syrly halydyr.Ynsanyň ömür ýoluny açmak üçin bolsa, durmuşyň kadasyna, paýhas pendine dogry düşünmeli. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyna  syýahat eden her bir ynsan ömür ýolunyň ýodasyny tirmäge girýär.Bu eser döwletlilik ýörelgelerine kalplara siňdirip, içki dünýäňi sessiz okap, her bir ynsany bagt guşyna ataryp, ýaşaýyşa egsilmez söýgi döredýär. Ynsan mertebesi asylly ýörelgeler bilen açylanda zeminiň abatlygy ýolumyza rowaçlyk paýlaýar. Döwletlilik ýörelge-rowaçlyga badalga, Rowaçlyk-durmuşa söýgi döredýär. Rowaçlyk-durmuşa gözellik eçilýär. “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi eseri rowaçlygyň açarydyr, paýhas pendidir”.

Goý, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatýan Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri elmydama dowam etsin!

 

B.SARAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly

 ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR