Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýokary depginli ösüşler gazanylýar. Esasan hem gelejekde ýurdumyzy dolandyrjak ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ylym bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy üçiň giň mümkinçilikler we zerur şertler döredilýär. Ynha şu ýylyň hem “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmeginde ýaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, edilýän aladalary, ýetilýän sepgitleri ýaş nesillerimize ýetirmek maksady bilen golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda welaýatymyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly-beýik maksatlaryň, ösüşleriň ýyly” atly dabaraly maslahat geçirdi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşiniň başlygy Ýakup Atabaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Gözel Köpükliýewa, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň esasy hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagylar çykyş edip ýaş nesilleri baradaky aladalary uly buýsanç bilen bellediler. Soňra Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk alyp barýan ilerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.
Orazgül AMANMÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň müdiri.