Barsam Käbämi görsem...(oýlanma)

Gijäniň bir wagty oguljygymy ýatyryp oturşyma radioda pesejikden ýaňlanan aýdymyň soňuny diňläp galdym. “Imanym ýoldaş bolsa, barsam, Käbäni görsem”. Şirin owazly bagşy aýdymyň soňky setirini aýratyn labyz bilen üç mertebe gaýtalady. Şujagaz setirler meni oýa batyrdy. Mukaddes Käbä gitmegi arzuw etmeýän adam barmyka? Ýöne ol arzuwa ýetmek hemmä-de başardyp baranok. Ýöne umytsyz hem bolmaly däl. “Umytly guş Käbä ýetmiş” diýleni. Şu ýerde kalbymyň töründen bir owaz eşidildi. “Käbäni her gün görmek isleseň her gün seni dünýä inderen eneň ýanyna bar. Adamyň iň ýakyn käbesi enesidir” tisginip giden ýaly boldum. 

El telefonyma habar gelipdir. “Gyzym, sag-gurgun otyrmyň, Myrat jan nähili gowulaşýarmy?” Oglum ýarawsyz bolansoň, başagaýlyk bilen telefonyma seretmändirinem, haçanda oglumyň gyzgyny gaýdyp, ynjalyp, rahat uka gideninden soňra ejemden gelen habary okadym. Okadymam, derrew yzyna aýlap ejem bilen habarlaşyp, ähli zadyň gowudygyny, alada etmegiň gerek däldigini aýtdym. Ene-dä “näme üçin wagty bilen jaň etmediň, men bu ýer-de sizi alada edip otyryn-a diýip gatyrganmadam. Diňe “sag-aman bolsaňyz bolýa” diýmek bilen çäklendi. Ýöne şonda-da men birhili, utanmakmy, müýnürgemekmi, özümi günäkär saýmak ýaly duýgulara gaplandym. Sebäbi özüm ene hökmünde oglum ýaramadyk ýagdaýynda nähili oda-köze düşdüm? Aňyrda ejem menden beter ot-elek gaýgy edip uklaman otyr. Menden başga-da üç gyzy, iki ogly dünýä getirip, olary ese-boýa galdyrýança uklaman geçiren gijeleriniň sanyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Şoňa garamazdan tä menden jogap alýança ýene-de uklaman otyr-a. Onsoň eneleri neneň “Käbä” deňemejek, neneň käbäm diýmejek? Şu pikir kelläme gelensoň ukym, ýadawlygym gaýyp boldy-da, agyr pikirleriň girdabyna gark bolanymy duýman galdym. 

Halkymyzda ozal-ozaldan eneler mukaddes Käbä deňelipdir. Türkmen perzentleri mährem enelerine: “Käbäm, ejem jan” diýip ýüzlenipdirler. Bu barada has kiçijik wagtym, mekdep okuwçysy döwrümde eşidipdim. Ýöne ol wagt manysyny tirmekden çaga beýnim ejizräk ekeni. Ýöne bir zat, ol hem çaga-da bolsak ene diýilýän adamyň ezizdigini, mähremdigini düşünýärdim. Ulaldygymça, ösdügimçe ene diýilýän ezizligiň manysy  hasam çuňlaşyp, mähribanlygy artyp barýan ýaly. Haçan-da durmuş gurup, özüm ene bolanymdan soňra enelere “Käbäm” diýilmeginiň sebäbine aýdyň düşünmäge başladym. Bu günki waka-da ýene-de bir gezek düşünmegime sebäp boldy. Adamlar Mukaddes Käbä baryp Haç parzyny berjaý edenlerinde ýaşlygynda bilib-u-bilmän goýberen hatalary üçin Alladan özlerini bagyşlamagyny sorap, günälerden saplanyp, päklige gaplanan ýaly duýgulary başdan geçirýärler. Biz hem çaga wagtymyz bir ýalňyşlyk edenimizde, ejemiziň ýanyna baryp, boýnumyzy buruşyp, eden telek işimizi boýun alyp, indi gaýtalamajagymyza söz berýäris. Ene ýüreginiň giňligini diýsene, bizi bagyşlar, gaýdyp gaýtalamajagymyza hem ynanar. Biziň akyllyja çagalardygymyzy, ol hereketi bilmezlikden edendigimizi, akylly çagalaryň bolsa hiç wagt beýle hereketleri etmeýändiklerine bizem ynandyrar. Bizem ejemiziň ýanyna günäkär görnüşde baryp, günälerimizi geçmegini sorap ähli günälermizden saplanan adam hökmünde arkaýyn bolup gaýdardyk. Mukaddes Käbedäki Gara daşa baş goýup edilen dileg-dogalar kabul bolarmyş diýýärler. Ýüzi gasyn baglan mährem enäniň, hamy ýygyrt-ýygyrt bolan ellerini göterip eden ýagşy dilegi hem hasyl bolman galmaýar. Ine-de, ýene-de bir gezek enelere “Käbe” diýilmegine, olaryň Käbä deňelmegine jaýdar mysal. Bu jüpüne düşen deňeşdirmäni aňymda aýlap oturşyma gaýtadan telefon edip şonça wagt uklaman oturmagyna sebäp bolanym üçin ejemden ötünç sorasym geldi. Ýene-de “ol ýaňy uklandyr indi beri, oýaryp süýji ukusyny bozmaýyn. Ertir daň atsa hökman käbämi görmäge baraýyn, ol meni, agtyjagyny görse hökman begener. Hökman şeýdeýin” diýdim. Şundan soň birhili ýüregim ynjalan ýaly boldum. Ertir Käbäm ejemi görmäge gidýän hem bolsam, misli Mukaddes Käbä gidip barýan ýaly şirin duýgular kalbyma doldy. Telefona seredip sagady gördüm. Süýji pikirler ummanyna çümüp gijäniň agramly bölegini geçiräýen bolsam nätjek. Daň atmagyna az wagt galypdyr. Men şonda-da howlugýan. Basymrak daň atsa, barsam Käbämi görsem.

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY