OKAMAK, DÖRETMEK BAGTY

Kitap halkymyzyň asyrlar boýy sünnäläp, arzylap, mukaddeslik hökmünde aýratyn sarpa goýýan gymmatlygydyr. Kitap durmuşyň aýnasydyr. Hut şu aýnada şöhratly geçmişiň, bagtyýar şu günüň, şanly geljegiň görünýär. Biz kitap arkaly ine şeýle mümkinçiliklere eýe bolýarys. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň gadyr-gymmaty başgaça. Gahryman Arkadagymyzyň kitaba bolan söýgüsi nusgalyk mekdepdir. Kitabyň ähmiýetiniň artyp, bagtyýar zamanada, ajap eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde aýratyn üns-alada bilen gurşalmagy genji hazyna hasaplanýan kitap gymmatlyklarynyň belent derejä göterilmegi bolup durýar.  Ýurdumyzda kitaphanalaryň, muzeýleriň we beýleki medeniýet ojaklarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi medeni, aň-bilim syýasatynyň ösdürilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halky owal-başdan okumyş, şahyrana, suhangöý, çeper söze gadyr goýýan halk. Ata-babalarymyzyň okamak, öwrenmek, dünýä akyl ýetirmek baradaky bu arzuw-islegleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşýar. Şahyrana pederlerimiziň bu arzuw islegleri biz ýaşlar üçin-de nusga alarlykdyr. «Okaýan adam Hudaýa ýakynlaşýar» diýmekleriniň özi hem giň many-mazmuna eýe. Çünki okaýan adam ak bilen garany, ýagşy bilen ýamany, çyn bilen ýalany, haýyr bilen şeri saýgaryp, netije çykaryp bilýän adam. Dana akyldar  Magtymguly Pyragynyň “Alymlara uýsaň, açylar gözüň...” diýen setirlerinden hem belli bolşy ýaly, özüňe bildirilýän ynamdan, halypalaryň maslahatlaryndan netije çykarmak adamyň görüş çägini giňeldýär. Biziň döwrümiz bolsa, diňe giň dünýägaraýyşly, akylly, paýhasly, bilimli ýaşlary talap edýär. Şonuň üçinde öz ykbalymyzy ösüşlere sary özgertmek biziň özümize bagly.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerini bezäp oturan köşgi-eýwanly kitaphanalar bu günki gün halkyň hyzmatynda. Şeýle owadan we amatly mümkinçiliklere eýe bolan kitaphanalar öz okyjylaryna gujak açýar. Munuň özi biz — ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrýar. Kitaphanalarda döwrebap okalga zallary, kitaplary aýawly saklamaga niýetlenen otaglar, internet we kompýuterleşdirilen otaglar ýerleşýär. Ähli otaglar dünýäniň iň öňdebaryjy enjamlary bilen abzallaşdyrylýar. Kitaphanada hereket edýän internet otagy dünýä maglumatlar gňişligine aralaşmaga mümkinçilik berýär. Mahlasy, bu paýhas köşgünde islendik mowzukdan, islendik ugurdan kitap alyp, okamaga mümkinçilik bar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kitap dükanlarynyň işiniň ýola goýulmagy kitaba gadyr goýýan halkymyzyň uzak geçmişden bäri mukaddeslik saýýan pähim-paýhasa hormatynyň  aýdyň dabaralanmasy boldy. Şeýle mümkinçilikler üçin biz – ýaşlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Biziň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz, döwrebap şertlerde bilim-ylmymyzy artdyrmagymyz, amatly şertlerde döredijilikli zähmet çekmegimiz üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY