YŞK MÜLKÜNIŇ ŞASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda edebi ýadygärliklerimizi, şol sanda nusgawy edebiýatymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda uly işler bitirilýär. Türkmen nusgawy edebiýatynyň iň meşhur söz ussatlarynyň biri hem Mollanepesdir.Ol özüniň ajaýyp döredijiligi bilen türkmen şygryýetini baýlaşdyrdy.

Mollanepes 1810-njy ýylda Saragtda molla Kadyrberdiniň maşgalasynda eneden dogulýar.Onuň kakasy hem öz döwrüniň sowatly adamy bolupdyr. Ogullarynyň körpesi agzybir maşgalada sagdyn terbiýe alypdyr, oba mekdebinde,soň Mary, Buhara medreselerinde okapdyr.Ol ýaşlykdan zehinli bolup, goşgy düzmek bilen halk arasynda dutar çalmagy-da başarypdyr.

Şahyr birtopar liriki şygyrlary bilen halk arasynda ussat hökmünde tanalypdyr. Meşhur “Zöhre-Tahyr” dessanyny ýazypdyr. Mollanepes nusgawy edebiýatymyzyň kerwenbaşysy Magtymgulynyň edebi däplerini,şol sanda söýgi lirikasyny hemmetaraplaýyn ösdüren söz ussadydyr.Ol “Zöhre-Tahyr” dessanynda özüni yşk mülküniň şasy diýip atlandyrypdyr.

 Mollanepesiň “Istäp ki gözel ýary”, “Ýadyma düşdi”, “Şirmaýy darak”, “Gözleriň”, “Owadan gelin”, “Nazar kylsa dişleriňe”, “Köňlüm” ýaly goşgulary söýgi şygryýetiniň ajaýyp nusgalarydyr. Bularda gelin-gyzlaryň görk-görmekleri,çeper gol hünäri taryplanýar:

Balyk ýüze bilmez,suwa girende,

Guş pessaýlap düşer ýüzüň görende.

diýmek bilen,şahyr ýaşaýyş-durmuşyň düýp manysy söýgüde diýip düşünipdir.Ol adamyň ömrüni ötegçi hasaplaýar.Şonuň üçin hem bir-biregiň gadyryny bilip,söýüp,söýlüp şadyýan ýaşamaklyga çagyrýar.

Şahyryň söýgi temasyndan ýüzlenen her bir jümlesi jüpüne düşüpdir.Muňa aşakdaky setirler hem şaýatlyk edýär:

Saňa düşdi nazarym,söýgüli jenan,bäri gel,

Saçy müşk ysly ýufar,sünbüli-reýhan,bäri gel,

Gül beden,gülgün reň,dony zerewşan,bäri gel,

Alýaňak,kirpigi ok,alma zenehdan,bäri gel,

Janyňa sadaga bolan,ýary jahan bäri gel!

Mollanepes yşky temasyndaky şygyrlary bilen bir hatarda özüniň “Zöhre-Tahyr” dessany bilen hem meşhurdyr. Onda gozgalýan mesele söýgi we onuň ýolundaky şanly göreşiň dabaralanmagydyr.Bu dessanda Tahyr bilen Zöhräniň belent söýgüsi,öz janlaryndan hem geçmäge taýýar bolan wepadarlygy dessanda eriş-argaç bolup geçýär.Onda hakyky söýgüniň belent nusgasy has dabaralanýar.Häzirki döwürde hem bu dessanyň ähmiýeti uludyr.

Mollanepes söýgi lirikasyny düzende balarylaryň gülleriň arasynda gezip,olaryň şiresinden alyp,bal ýasaýşy ýaly, sözleriň has oňatlaryny saýlap öz şygyrlarynda ulanmagy başarypdyr.Bu bolsa dürdäne sözlerden hünji düzülen ýaly,bentlerden bolsa çemen boglan ýaly tertipli ýerleşdirip gül desselerini emele getiripdir.

 Şahyr gyzyň owadanlygyny wasp edende,onuň dünýä zatlarynyň hemmesinden ýokary, hemme zatlary özüne haýran galdyrýan şekilde suratlandyrmagy başarypdyr.Onuň“Nazar kylsa dişleriňe“diýen goşgusy munuň aýdyň mysalydyr:

Dür derýadan çyka bilmez,

Nazar kylsa dişleriňe.

Dowzah meni ýaka bilmez,

Ýanyp men ataşlaryňa.

ýa-da:

Bag içine ýar sallanyp girende,

Bilbiller saýramaz,haýrana galar.

Keşt edip,serçemen üzre ýörände,

Ganatdan aýrylar,perwana galar.

Mollanepesiň aýdyşyk-dialog şekilinde düzen“Istäp ki gözel ýary“diýen ajaýyp eseri hem yşk-söýgä degişli eserleriň arasynda özüniň çeperçiligi,täzeçilligi bilen tapawutlanýar.Ol bu goşgusynda aşyk bilen magşugyň içki duýgulary, özara gürrüňleri esasanda gyzyň gözelligini,edep-ekramyny wasp edýär.

Diýdim:“Ne tütündir bu?“Ol:“Zülpi-käkilim“-diýdi

Diýdim:“Ne elipdir bu?“Ýar:“Inçge bilim“-diýdi.

Diýdim:“Ne şekerdir bu?“-„Şerbetli tilim“-diýdi...

 Şahyryň haýsy bir eserini alsaňam,ynsan gözelligine goýan beýik sarpasyny görmek bolar.Ol gelin-gyzlaryň saçyny-da bir ýerde kölegä,bir ýerde aždarha meňzetse,käbir ýerlerde aşyklary tutmak üçin gurlan tora meňzedýär.Söz sungatynyň ägirdi,yşk mülküniň şasy Mollanepesiň döredijiligi ruhy gözelligiň nusgasy hökmünde biziň aňymyzda galar.

Mollanepes halkyň kalbynda iki asyr bäri ýaşap gelýär.Ol barada şahyr goşgy düzüp,ýazyjy kyssa ýazýar,dramaturg sahna eserini döredýär,bagşy aýdym aýdýar,suratkeş surat çekýär. Mollanepesiň keşbini suratkeş Aýhan Hajyýew döretdi.

Edebiýatyň altyn hazynasyna giren Mollanepesiň edebi mirasy şu döwrümizde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. “Zöhre-Tahyr” dessany esasanda drama eserleri döredildi. Şahyryň edebi mirasy edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan yzygiderli öwrenilýär we Täze eýýamyň Galkynyşy döwründe bu däp mynasyp dowam etdirilýär.

Mahlasy,Mollanepes türkmen klassyky edebiýatynyň edebiýat meýdanynda özüniň şygyr älemini ösdürdi.Biri-birinden ajaýyp goşgylary bilen giňden meşhur Mollanepesiň dür deminde düzülen şygyrlary özüniň baý dili,akgynly okalyşy bilen halkyň baky söýgüsini gazanýar.

 

Dürsoltan JUMAŞOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap merkezi

kitaphanasynyň Nazly Gylyjow adyndaky geňeşliginiň kitaphana

şahamçasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy

etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Öňki makala

OKAMAK, DÖRETMEK BAGTY

Indiki makala

BAG DÜNÝÄNIŇ BEZEGI

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY