Biziň ata-babalarymyzdan miras galan iň oňat däpleriň biri-de ýere yhlas edip, daragt ýetişdirmek. Beýleki ekinler bilen bir hatarda nahal ekmekde, bag hem-de ir-iýmiş ýetişdirmekde, obalary bagy-bossanlyga öwürmekde olar baý tejribe toplapdyrlar. Asylly bu häsiýet arkama-arka, nesilden-nesle geçipdir. Elbetde, bu döwletli we sogaply işleri nesilleriň aňyna guýmakda, wagyz etmekde atalar sözleridir nakyllar uly orun oýnapdyr. Geliň saryýagyň ýyl aşdygyça goýalyp, tagam tapyşy ýaly, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinde goýalan atalar sözleridir pentlerine nazar salalyň .
Pederlerimiz nahal hakda “Dünýe görki täze nahal”, bag ýetişdirmek barada “Zähmet çekseň, bag bolar, çekmeseň-dag”, “Bagym bar, barym bar”, “Bag-ekeniňki, ýap-çekeniňki” kimin nakyllary, salkyn saýa edinmek dogrusynda “Saýany ekmedik saýada ýatmaz”, “Saýasy serginli, ojagy köwlümli”, küren obalary bagy-bossana öwürmek babatda. “Agaçsyz oba tozan görner”, “Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görner”, “Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan”, “Agaç gatysy soky bolar” ýaly onlarça parasatly pähimi döredipdirler.
Asylly babadaýhan halkymyz “Miweli agajy palta çapmaz”, “Miweli agajy bakarlar, miwesiz agajy ýakarlar”, “Miwesiz agaç – odun, ýagmyrsyz bulut – tütün” diýip, hemişe belleýşi ýaly, ýurdumyzyň yssydan gurak tebigy şertlerinde ynsan bedenine güýç-kuwwat berýän, derdi-beladan goraýan witamine baý, miwesi datly baglary ýetişdirmegiň aladasynda ýaşapdyr. Ata-babalarymyzyň peder pentleri iş ýüzünde rowaçlyklara eýe bolup, gözel diýarymyz bagy-bossanlyga beslenýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pür-pudak ýaýradyp, ösüp oturan daragtlar, ýylyň ähli paslynda hem gök öwsüp oturan miweli, miwesiz daragtlar köňüllere aram, ýüreklere ylham nuruny paýlaýar.
Diňe bir üstümize däl, eýsem, kalbymyza hem saýa salýan, daş-töweregimizi gözelleşdirip, ýaşaýşa abadanlyk nuruny çaýýan baglary köpeltmek, olara yhlas bilen ideg etmek halkymyzyň ajaýyp ýörelgeleriniň biridir.
Hakykatdan hem, bag – dünýäniň bezegi. Bag ösdürip ýetişdirmegiň näderejede peýdaly, sogap işdigine biziň her birimiz anyk göz ýetirýäris. Şahyr Gara Seýitliýewiň:
Kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar –
diýip belleýşi ýaly, il-ýurt bähbitli işleriň ählisinden adam sogap gazanýar. Bag ekeliň, sogap gazanalyň!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.