DÜNÝÄ PARAHATÇYLYK PAÝLAÝAN PAÝTAGT!

Paýtagt döwletiň esasy ýüregi, daýanjy. Ol ýurduň esasy syýasy, ykdysady, medeni we senagat merkezi. Ýurdumyzda gözel paýtagtymyzy ösdürmek we dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Dünýä parahatlyk nurun paýlaýan Aşgabat bu günki gün gülleýär, gül açýar. Bina gurmagyň täzeçillik pikirini özünde jemleýän binalary synlanyňda gözüň dokunýar. Durmuşymyzyň ýakymly ýatlamalary gözel Aşgabadymyz bilen baglanyşykly. Aşgabadyň  güni indi iň bir ýatdan çykmajak baýramçylyklaryň biridir we ony bellemek indi asylly  däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, ýokary binagärlik çözgüdi we öňdebaryjy binagärlik pikirleri gözel paýtagtymyzda has aýdyň görünýär. Çünki paýtagtymyz Aşgabat gözelligi we özboluşly binagärlik gurluşy bilen  dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne  çekýär. Ginnesiň bütindünýä kitabyndan orun alan Baş şäherimizde ýaşamak, bilim almak we döretmek uly bagtdyr. Geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habar her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berilýär. Bu hoş habar aýratyn-da, ýaş nesillerimizde daşky gurşawa, tebigata bolan söýgini artdyrýar, ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Ak mermerli Aşgabadymyz dünýäniň iň nurana şäherleriniň biri hökmünde tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde barha özgerýän bagt şäherimiz gün-günden üýtgäp, gül gujagyny gözellik şalygyna besleýär. Bu gün döwrebap ösýän gözel Aşgabat şäherimiz Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatydyr. Ol milli binagärlik äheňini we şähergurluşygynyň häzirkizaman usullaryny özünde jemleýän sungatdyr. Bu sungatda hoş owaz bar, ýakym bar, aýdym bar.

Aşgabat şäheri baglar şäheridir. Çünki paýtagtymyzyň gözel keşbi bagy-bossanlyk bilen bada-bat baglanyşýar. Dünýäniň paýtagtlary bilen bäsleşýän ak mermerli paýtagtymyzda ýaşamak, döretmek, gurmak peşgeşi başgaça. Şeýle bagtyýarlygy peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Serdar ŞYHYÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

GADYMY KÖNEÜRGENJE SYÝAHAT

27 Noýabr 2024 | 77 okalan

ÝAŞLYGYŇ JOŞGUNY