Ýaşaýyş üçin açyk howanyň, iýmitiň, suwuň gerek bolşy ýaly, islendik döwletde, islendik ugur boýunça ösüş gazanmak üçin şertleriň döredilmegi gerek. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudagynda bolşy ýaly, sport ulgamynda belent sepgitlere, uly ösüşlere ýetilýär. Ýurdumyzda sport atly belent sungaty dünýä derejesine çykarmak döwlet syýasatynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülýär. Küşt hem şeýle sport sungatynyň naýbaşysydyr.
Türkmen küşdüniň uzak taryhy bar. Taryha maglumatlara salgylansak, häzirki döwürde oýnalýan küşt oýnunyň düzgüninden tapawutly ýerleriniň bardygyny görýäris.Gadymy türkmen küşdünde pyýada elmydama diňe 1 öýjük öňe göçýär. “Rokirowka” düzgüni türkmen küşdünde düýpgöter üýtgeýär. Oýun başlananda gadymy türkmen küşdünde 2 göçüm birden, soň bolsa bir göçüm edilýär. Häzirki döwürde “pat” – deňlikdir. Emma türkmen küşdünde bu ýeňiş hasap edilýär. Bu bolsa türkmen küşdüniň gadymdan gelýändigini subut edýär.
Türkmen küşdüniň taryhy 1939-njy ýylda Moskwanyň Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde geçirilen ýaryşdan başlanýar. Şonda 10 respublikanyň güýçli oba küştçüleriniň arasynda Ahal welaýatynda mirap bolup zähmet çeken Täşli Taýlyýew garşydaşlarynyň hemmesini ýeňip, SSSR-iň çempiony bolmagy başarýar. Täşli aga şol wagt 50 ýaşynda eken. Onuň bu üstünligini 1974-nji we 1981-nji ýyllarda Russiýanyň Kaluga hem-de Mahaçgala şäherlerinde küşt ussady Amanmyrat Kakageldiýew gaýtalaýar. Ol halkara derejeli sport ussady bolup, ýurdumyzyň 24 gezek çempionydyr. Ussat grossmeýster Mähri Öwezowa bolsa 1996-njy ýylda Ýerewanda, 1998-nji ýylda Elistada Bütindünýä küşt Olimpiadasynyň altyn medalyna mynasyp bolýar.
«Sport – parahatçylygyň ilçisi» diýen ajaýyp jümleden ugur alýan türkmen türgenleri türgenleşik işleri bilen bir hatarda ýurt derejesindäki we dürli halkara ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Ýaşlary sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga çekmekde, türgenlerimiziň ussatlygyny artdyrmakda ýurdumyzda geçirilýän dürli ýaryşlar hem uly ähmiýete eýedir. Bu küşt sporty babatynda hem şeýledir.
Mergen ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň başlygy.