Döwür ýaşlardan giň dünýägaraýyşly, kämil bolmagy talap edýär. Hut şu talaplardan hem ugur alyp, ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap şertlerde bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Geljek taryhdan başlanýar. Watanymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhy ýoly bar. Bu ýolda ata-babalarymyz häzirki nesillerimiz üçin uly işleri bitiripdirler. Biz — ýaşlar bolsa milli mirasymyzy çuňňur öwrenmelidiris. Taryhy öwrenmek bolsa döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Muzeýlerde bolsa taryh janlanýar. Hormatly Prezidentimiziň atalyk sargytlaryndan ugur alyp, ýaş taryhy öwrenijiler milli mirasymyzy, taryhymyzy, edebi we ruhy gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrunda çuňňur nazary bilimleri özleşdirýärler. Bu babatda halypa mugallymlaryň asylly zähmetlerine möhüm orun degişlidir.
Bütindünýä saglyk gününiň giň gerim alan dabaralary bilen gabatlanyp geçirilen gezelenç çäresi hem ýaşlarymyzyň arasynda milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy we şöhratly geçmişimizi wagyz etmäge, many-mazmunyny düşündirmäge bagyşlanýar. Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynda hem-de muzeýinde geçirilen gezelenç çäresine ýaşlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, mugallymlary we muzeýiň hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni Gözel Kuşmekowa, Köneürgenç etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülälek Şämiýewa, muzeýiň hünärmeni Kakyşowa Oguljahan dagylar çykyş edip, milli taryhymyzyň şöhratly yzlary, onda pederleriň görkezen edermenlikleri, muzeý gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň berýärler.
Gezelenç çäresine syn edeniňde milli medeni mirasymyzy, taryhymyzy öwrenmek we häzirki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan asylly işlere goşant goşýandygyna her biriniň buýsanýandygyny görmek bolýar. Bu ýerde bolan ýaş taryhy öwrenijiler geljek-de taryhy ýadygärliklerimizi çuňňur öwrenmek, onuň taryhy zerurlyklaryny ýüze çykarmak we bu babatda anyk ylmy ugurlar boýunça ylmy gözlegleri alyp barmagy maksat edinýändiklerini, bu gezelenjiň bu babatda ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen belläp geçýärler. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýynda kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemek taslamalaryna ýaşlaryň gatnaşyp, zehinini görkezmegi üçin mümkinçilik döredilmegi baradaky kadanyň girizilmegi ýaş taryhy öwrenijileri has-da buýsandyrandygyny aýratyn nygtaýarlar.
Çärede çykyş edenleriň her biri milli mirasymyzy öwrenmekde we ony dünýä ýetirmekde nusgalyk görelde bolup durýan, Atalyk kitaplaryny peşgeş berip gollanma mekdebine öwrülen türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürlerini uzak, halkymyzyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan tutumly işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärler.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.